img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DÖWLET BAŞTUTANYMYZ AHAL WELAÝATYNYŇ AK BUGDAÝ ETRABYNYŇ HÄKIMINI BELLEDI

photo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, H.Aşyrmyradow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine R.Hojagulyýew bellenildi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, H.Hojageldiýew özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, H.Aşyrmyradow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimini belledi (turkmenistan.gov.tm)