img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ÖZBEGISTANYŇ PAÝTAGTYNDA TÜRKMEN-ÖZBEK YKDYSADY FORUMY GEÇIRILDI

photo

Türkmen-özbek ykdysady forumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Daşkentde geçirildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň esasy ykdysady ministrlikleriniň we müdirlikleriniň, şeýle hem telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylary, wekilleri iki goňşy döwletde senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag pudagyna maýa goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady forumyň barşynda Türkmenistan we Özbegistan wekiliýetleriniň agzalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy, olaryň barşynda anyk maýa goýum taslamalary we ykdysady pudakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-özbek ykdysady forumynyň çäginde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy hem geçirildi.

Özbegistanyň paýtagtynda Türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi (turkmenistan.gov.tm)