«VR-TURKMENISTAN» — SYÝAHATÇYLYK ŽANRYNDAKY KOMPÝUTER OÝNY

Türkmenistanyň gözel taryhy ýadygärlikleri boýunça uly bolmadyk syýahaty indi wirtual hakykat dünýäsinde amala aşyrmak mümkin.
Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky Döwlet komitetiniň mahabat müdürligi tarapyndan, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli täze döredilen «VR-Turkmenistan» wirtual oýnunyň kömegi bilen Watanymyzyň taryhyna syýahat edip, täsin ýerleri we ýadygärlikleri synlap bilerler.
Wirtual gezelenjiň ugry Türkmenistanyň çäklerindäki ajaýyp ýerlerden, Köpetdagyň gözel ýerlerinden, gadymy Nusaý galasynyň we başga-da özboluşly ençeme täsinlikleri öz içine alýan ýerlerden geçýär. Bu oýun şu günler Dubaýda geçýän Bütindünýä «EKSPO – 2020» sergisine — gatnaşýanlaryň oňyn bahasyna mynasyp boldy.
Wirtual hakykaty görkezýän kompýuter oýny üçin, oýun enjamynyň ýokary ýerine ýetirijiligi, ýagny Windows 7 SP1 goldawy; PCl-e boş slot; uzak aralykdaky elektron enjamyň Intel Core i5-4590/AMD FX 8350 gözegçisi; NVIDEA GeForce GTX 1060 maglumat şifrleýji algoritm; AMD Radeon R9 480 mikroprosessor; 4 GB RAM erkin girişli ýat; Steam VR app version 1533664367 talap edilýär.