HALKYMYZYŇ ABADAN DURMUŞY HAKYNDAKY ALADA MILLI LIDERIMIZIŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ ESASY ÝÖRELGESIDIR

9-njy oktýabrda Lebap welaýatynyň merkezi — Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, gündogar sebitde hem halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak bilen baglanyşykly düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Halkara ähmiýetli ulag ulgamy sazlaşykly ösdürilýär. Bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işlerinde durmuş-ykdysady ösüşiň tapgyrlary aýdyň görünýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak ösüşiň esasy ugry bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň esasy ugrudyr.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz möhüm binagärlik-gurluşyk taslamalary bilen tanşyp, şolara adam üçin amatly ýaşaýşy üpjün etmek nukdaýnazaryndan birnäçe düzedişleri girizýär. Munuň özi halkymyzyň abadançylyk meselelerine möhüm üns berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Umuman, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda-da medeni-durmuş maksatly täze ýüzlerçe desga ulanylmaga tabşyryldy. Şolaryň hatarynda umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary, sport mekdepleri, stadionlar, ugurdaş desgalar, köp gatly ýaşaýyş jaýlary we dürli maksatly başga-da birnäçe binalar bar. Munuň özi adamlaryň ýokary ýaşaýyş şertleri bilen üpjün edilmegine, döredijilikli zähmet üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de amatly ýaşaýyş we dynç alyş ulgamynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalaryň, dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagyny, adamlaryň durmuşynyň ýokary amatlyklar bilen üpjün edilmegini giň möçberli gurluşyk taslamalaryny amala aşyrmakda möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Täze, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi gündogar welaýatda asylly däbe öwrüldi.

Şu gün bu ýerde 17 sany 4 gatly we 70 sany 2 gatly kottej görnüşli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Ýaşaýyş toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 23 gektara barabardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şähergurluşyk ulgamyna bildirýän talaplary nazara alnyp taslamalaşdyrylan täze binalar şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň, Türkmenabat şäher häkimliginiň ýanyndaky “Şähergurluşyk we hyzmat” döwlet kärhanasynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” hem-de “Demirbetonkonstruksiýa” edaralary tarapyndan bina edildi.

544 maşgala niýetlenen 17 sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň hersinde 32 sany 3 we 4 otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşdirildi. Kottej jaýlaryň hemmesi 5 otagly. Şeýlelikde, 3 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleýän meýdany 105 inedördül metre, 4 otaglylarynyňky bolsa 123 inedördül metre barabardyr.

241,5 inedördül metr meýdany bolan kottej jaýlarynda türkmen halkynyň asylly dessurlaryna laýyklykda, baýramçylyk we maşgala dabaralaryny guramak, myhman kabul etmek, sadaka bermek hem-de beýleki dabaralary geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy. Jaýlaryň gurluşygy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş dessuryna we häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirildi. Kottejleriň gurluşygynda ýerli çig mal serişdelerinden taýýarlanylan ýokary hilli gurluşyk materiallary peýdalanyldy.

Gurluşykçylar we bezeg işlerini ýerine ýetirýänler täze binalaryň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berdiler. Ýagty otaglar, özboluşly bezeg aýratynlyklary, aşhanadaky mebeller bu ýere göçüp gelýänleriň göwnünden turýar. Jaýlarda goýlan mebeller ýerli hususy kärhanalar tarapyndan taýýarlanyldy.

Şeýle hem gurluşyk işlerinde ýurdumyzda öndürilýän we ekologiýa taýdan amatly serişdeler peýdalanyldy. Täze jaýlaryň hemmesi merkezleşdirilen ýylylyk, elektrik, gaz we suw ulgamy bilen üpjün edildi. Binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylyp, çagalaryň oýun meýdançalary we sport bilen meşgullanmak üçin meýdanlar göz öňünde tutuldy. Bu ýerde gök zolaklar döredildi, dürli güller ekildi, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy çekildi. Täze ýaşaýyş toplumynyň taslamasynyň çäklerinde iki sany 2 gatly söwda merkezinde gündelik durmuşda zerur bolan ähli harytlar bar.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar.

Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary jaý toýunyň dabarasyny has-da artdyrdy.

Açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adamlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak babatdaky aladanyň döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini guwanç bilen bellediler. Ähli degişli düzümleriň döredilmegine ulgamlaýyn çemeleşmeleri üpjün edýän işler ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça ägirt uly durmuş maksatly taslamalarda öz beýanyny tapýar.

Bu ýere göçüp gelen bagtyýar maşgalalaryň agzalary täze jaýlaryň açarlaryny buýsanç bilen kabul edip, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar eden ajaýyp ýurtda bagtly ýaşaýşy üpjün etmäge gönükdirilen durmuş syýasatyny netijeli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Halkymyzyň abadan durmuşy hakyndaky alada milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir (turkmenistan.gov.tm)