EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Gonkongyň, Kipriň hem-de beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň işewürlerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşi, float aýnasy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 317 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy ABŞ-nyň 49 müň dollaryndan gowrak bolan portland sementi satyn aldylar.

Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär (turkmenistan.gov.tm)