TÄJIRÇILIK DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA ONLAÝN OKUW MASLAHATY IŞE BAŞLADY

Halkara söwda merkezi “Ready4Trade Merkezi Aziýada” taslamasynyň çäginde türkmen hünärmenleri üçin täjirçilik diplomatiýasy we söwda meseleleri bilen baglanşykly gepleşikleri geçirmek boýunça üç günlük okuw maslahatyny gurady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Okuw maslahatyna ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

“Ready4Trade Merkezi Aziýada” taslamasynyň maksady – serhetara talaplarynyň aýdyňlygyny ýokarlandyrmak arkaly sebitdäki halkara söwdany ösdürmek, kadalaşdyryjy we tertipleýji päsgelçilikleri aradan aýyrmak, söwda resmiliklerini we standartlaryny berjaý etmek boýunça işewürligiň mümkinçiliklerini berkitmek, şeýle hem serhetara elektron söwdasyny kämilleşdirmekdir.

Çeşmäniň habar bermegine görä, onlaýn-meýdança diplomatlaryň täjirçilik işi bilen bagly amaly ugurlaryny, söwda syýasatyny kesgitleýän, şeýle hem gepleşikleriň strategiýasyny işläp düzýän şahslaryň işini we “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda ýurdumyzda amala aşyrylýan söwda işini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Okuw maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Bütindünýä söwda guramasyna girmek, BSG agza bolmaklygyň artykmaçlygy barada hem-de ykdysady syýasat mowzuklarynda gürrüň ederler.

Onlaýn okuw maslahaty öz işini 15-nji oktýabra çenli dowam eder.

Täjirçilik diplomatiýasy boýunça onlaýn okuw maslahaty işe başlady (turkmenistan.gov.tm)