PAN GI MUNA TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MEDAL GOWŞURYLDY

2021-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli resmi çäre gurnaldy.

Çärä goňşy döwletleriň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Ilçileri, şeýle-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Koreý tarapyndan çärä hormatly myhman hökmünde Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Mun hem-de Koreýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Hyoeun gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda Global ýaşyl ösüş inistitutynyň ýolbaşçysy Pan Gi Muna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medal gowşuryldy. Pan Gi Mun öz çykyşynda milli Liderimize hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de Türkmenistanyň halkara guramalar, hususan-da Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.

Çäräniň resmi böleginde çykyş edenler türkmen döwletiniň ösüş depgini, iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary hem-de ösüş mümkinçilikleri barada aýratyn üns çekdiler.

Pan Gi Muna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli medal gowşuryldy (turkmenistan.gov.tm)