TÜRKMENISTAN – ASTRAHAN: ULAG-LOGISTIKA HYZMATDAŞLYGY

Türkmensitanyň Prezidentiniň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen Aşgabatda geçirilen gepleşiklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiligini ulanmak we Russiýanyň Olýa portunda yzygiderli ýolagçy-ýük gatnawlaryny ýola goýmak, Astrahan oblastynyň portunda Türkmensitanyň logistika merkezini döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Logistika merkezini döretmeklige degişli ylalaşyklar Astrahan oblastynyň gubernatorynyň Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow bilen duşuşygynda bellenildi. Tarapalar iki ýurduň sebitleriniň portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler we logistika merkeziniň döredilmeginiň Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda haryt dolanşygyny artdyrmaga, deňizde ýük daşamakda häzirki gatnaşyklary saklamaga we täze işewür gatnaşyklary kemala getirmäge ýardam etjekdigini nygtadylar.

Russiýa tarapy täze desgany Astrahan oblastynyň Olýa portunyň aýratyn ykdysady zolagynda ýerleşdirmegi teklip edýär. Astrahan oblastynyň gubernatorynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, işjeň ösdürilýän zolakda «Каспий» port-logistiak kompaniýasy hereket edýär. «Каспий» PLK Germaniýaly hyzmatdaş – logistika babatda öňdebaryjy «Мартрейд Холдинг» kompaniýasy bilen portda konteýner terminallarynyň gurluşygyna we ulanylyşyna hem-de halkara logistik hyzmatlaryny durmuşa geçirmäge bilelikde gatnaşmak barada ylalalşyk gazanyldy. «Мартрейд Холдинг» kompaniýasynyň çaklamasyna görä, 2031-nji ýyla portuň kuwwatlylgygy göz öňünde tutulyp, Olýa portunyň haryt dolanşygy ýylda 8 million tonna ýeter.

Türkmensitanyň geoykdysady amatly ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Hazar deňzinde iň irileriň biridir we ýükleriň importynda, eksportynda we üstaşyr geçirilmeginde ýeterlik mümkinçilikleri bar. 2018-nji ýylda işe girizilen port ulag-logistika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdüemäge gönükdirildi. Bu uly möçberli taslama diňe bir Türkmensitanyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» bolup, ykdysady gatnaşyklaryň we söwdanyň halkara ulgamyna işjeň goşulmagyna ýardam eder. Türkmensitan hyzmatdaşygyň ähli ugurlary Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny sebitiň deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlarynyň ulanmagy boýunça gepleşiklere taýýardygyny birnäçe gezek tassyklady.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň hyzmatlaryny kämilleşdrimek, ony döwrebaplaşdyrmak, elektron resminamalar dolanyşygyny ösdürmek we müşderiler üçin oňaýly şertler döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Daşary ýurtly edaralar we kompaniýalar bilen duşuşyklarda Hazarýaka döwletleriň arasynda gämi gatnawlaryny ösdürmegiň, özara ylalaşyklar esasynda gämileriň portlara girmegine ýeňillikli ýygymlary bermek we Hazar deňizinden Gara deňize çenli bütewi üstaşyr we ulag meýdançasyny işläp taýýarlaamak meselelerine garalýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty sebitde diňe bir deňizde ýük daşamak däl, eýsem ulaglaryň beýleki görnüşlerinde işler üçin hem giň mümkinçilikler berýän multimodal ulag ulgamynyň kemala gelmegine ýardam edýär.

Türkmenistan – Astrahan: ulag-logistika hyzmatdaşlygy (turkmenistan.gov.tm)