img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Siril Ramafosa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Günorta Afrika Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)