TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PERU RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Peru Respublikasynyň Prezidenti Pedro Kastilo hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Peru Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Pedro Kastilo tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Peru Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Peru Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)