TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Inýasio Kassise we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar arkaly mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Inýasio Kassise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)