TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MALAÝZIÝANYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Geçen ýyllaryň dowamynda biziň döwletlerimiziň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar işjeň ösdürildi we kämilleşdirildi. Türkmenistan iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda nygtady hem-de bilelikdäki tagallalar netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba hem-de XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibn Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady (turkmenistan.gov.tm)