img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞWESIÝANYŇ PATYŞASYNY GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa we ýurduň halkyna Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Patyşa Karl XVI Gustawa tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Şwesiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)