HÜNÄR TAÝÝARLYK OKUWLARY ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 18-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda Gullugyň hataryna işe täze kabul edilen we hünär taýýarlygyny üstünlikli geçen ýaş harby gullukçylara ilkinji harby atlary dakmak dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda harby gullukçylara ilkinji harby atlary dakyldy we olara hünär taýýarlygyny üstünlikli geçendigi barada şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gün-günden ösýän we özgerýän Türkmenistan Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, bilime, ylyma uly üns berilýär. Bilim ojaklarynda berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Eziz diýarymyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda hem harby gullukçylaryň hünär derejelerini has-da kämilleşdirmek we olaryň daşary ýurt dillerinde erkin gürläp bilmeklerini, döwrebap tehnologiýalardan ökdelik bilen baş çykarmaklaryny gazanmak maksady bilen sanly ulgam arkaly okuw sapaklary dowamly okadylýar. Gullugyň Merkezi edarasynyň Okuw bölüminde Gullugyň hataryna işe kabul edilen ýaş harby gullukçylara döwrüň talabyna laýyklykda sanly bilim ulgamy arkaly Gullugymyzyň iş ugurlaryna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary, halkara ylalaşyklary, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamy barada okuw sapaklary yzygiderli okadylar.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda hem Gullugyň hataryna borçnama boýunça harby gulluga kabul edilen ýaş harby gullukçylar okuw sapaklaryny üstünlikli geçip, ilkinji “Leýtenant” harby adyna mynasyp boldular. Olar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginde, döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, ýurdumyzyň migrasiýa babatdaky syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde arassa, päk zähmeti bilen wepaly gulluk edip, mundan beýläk hem ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna dabaraly ýagdaýda kasam etdiler.

Harby gullukçylar harby we hünär taýýarlyk okuwlarynda öwredilenlerden başga-da Okuw bölüminiň binýadynda döredilen kitaphanada bar bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, ynsanperwer ylymlaryna degişli edebiýatlardan, döwürleýin neşirlerden hem-de beýleki ylmy we çeper kitaplardan yzygiderli peýdalanmak bilen, giň dünýägaraýyşly harby gullukçylar bolup öz bilimlerini has-da kämilleşdirdiler. Olar harby we hünär taýýarlyk okuwlarynda Gullugyň iş ugurlaryna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary öwrenmek bilen nazary bilimlerini, şeýle hem Merkezi edaranyň bölümlerinde geçen tejribe okuwlaryny önümçilikde özleşdirdiler.

Harby gullukçylara okamak, öwrenmek, işlemek üçin döwrebap şertleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64233/hunar-tayyarlyk-okuwlary-ustunlikli-gecirildi