AŞGABATDA HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 29-njy iýunda geçiriljek VI Hazar Sammitiniň taýýarlygyna bagyşlanyp Hazarýaka döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň  Daşary işler ministrleri  we Azerbaýjan  Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary gatnaşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňzi boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyga syn bermek bilen, ýakynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Prezidentleriniň “bäşliginiň” duşuşygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde,  özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary,  şeýle hem, sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taraplaryň taýýarlan Beýanatyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň çykyşynda Türkmenistanyň Hazarýaka döwletleriniň arasynda özara syýasy we diplomatik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen, adaty ýagdaýdaky  duşuşyklardan  daşary işler ministrleriniň derejesindäki  ýygnaklaryny  yzygiderli  “wagty deňeşdirmek” we käbir ýagdaýlara hem-de ugurlara öz wagtynda hereket etmek üçin geçirýändigini belledi.

Hazar sebitiniň  mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek  üçin zerur ileri tutulýan ädimleriň arasynda, R.Meredow Hazar deňzinde hem-de onuň çäklerinden daşarky Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar ugurlaryna netijeli aragatnaşyk ulgamynyň üpjün edilmegini, energiýa üpjünçiliginiň döredilmegini belläp geçdi.   

Sebitdäki döwletler üçin mümkin döräp biläýjek wehimlere we howplara R.Meredow terrorçylygy, guramaçylykly transmilli jenaýatçylygy, neşe söwdasy we beýleki bikanun hereketleri kesgitledi. Şeýle hem, bu hadysalara garşy göreşmegiň diplomatiýa goldawynyň we syýasy şertnamalar tarapyndan goldanylmalydygyna ynam bildirdi.

Ähli sebit we dünýä ýagdaýlarynyň üýtgemegine garamazdan, Hazaryň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary üýtgewsiz galýar,  düýpli we şertsiz uzak möhletli parahatçylygy we durnuklylygy, hemmetaraplaýyn we bölünmez howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdyr diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministri nygtady.

https://www.mfa.gov.tm/tk/news/3222