img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä hem-de ýurduň halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Abdel Fattah Al-Sisä tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Müsür Arap Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)