img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hanym Draupadi Murmu Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hem-de däp bolan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde-de giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmu berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)