img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI WEZIPÄ BELLENILDI

photo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
B.O.Durdyýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda

Begenç Orazmyradowiç Durdyýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji iýuly.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
B.O.Durdyýew hakynda

Begenç Orazmyradowiç Durdyýewi Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky (Seul şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 25-nji iýuly.

Koreýa Respubliksandaky Türkmenistanyň Ilçisi wezipä bellenildi (turkmenistan.gov.tm)