HALKARA ÝARYŞLARYŇ ÝEŇIJILERINI HORMATLAMAK DABARASY

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

“Awaza” sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş watandaşlarymyz türkmen sportunyň iň oňat däplerini üstünlikli dowam etdirip, halkara ýaryşlarda mähriban Watanymyzyň abraýyny has-da belende göterýärler. Munuň aýdyň mysaly hökmünde binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide görkezilen köp sanly sylaglary görkezmek bolar. Şol sylaglar Garaşsyz Türkmenistanyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň aýdyň beýanydyr.

Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary hem-de köpugurly stadionlar guruldy, olar ýokary derejeli türgenleşikleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlary geçirmek üçin zerur şertler bilen üpjün edildi.

Diýarymyzyň türgenleriniň ussatlygyny kämilleşdirmek we Türkmenistanyň iri sport döwleti hökmünde kemala gelmegi üçin uly halkara ýaryşlar — 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, şeýle hem 2018-nji ýylda ugry gadymy Beýik Ýüpek ýolundan geçen “Amul — Hazar” halkara awtoralli ýaryşy, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Häzirki günde sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegine, türgenler bolsa ussatlygy hem-de erki arkaly Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny ykrar edýän parahatçylygyň ilçilerine öwrüldi. Hut şoňa görä-de, ussat türgenleri, tälimçileri hem-de beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasy» beýleki Döwlet maksatnamalarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Aşgabatda Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk, sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça döwrebap toplumlary özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen sportuny has täze derejä çykarmaga ýardam etdi.

Döredilen şertler sport ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

2021-nji ýylda Diýarymyzyň sportunyň taryhynda ajaýyp sahypalar ýazyldy — Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiadada Garaşsyz Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly gazanyldy.

Asylly däbe görä, dünýä derejeli sport ýaryşlarynda ýurdumyzyň adyndan mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlara eýe bolan türgenler Diýarymyzyň sportuny ösdürmäge, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga uly goşandyna hormat hökmünde döwlet derejesinde sarpalanýarlar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalaryna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda ýurdumyzda sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berilmeginiň türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegini hem-de olaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagyny şertlendirýändigini belledi.

“Döwlet derejesinde ýaş türgenler üçin döredilýän ajaýyp şertlerimiziň netijesini ýeňişli ýollar, nusgalyk sport üstünlikleriňiz arkaly görkezmelisiňiz!” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady hem-de türkmen türgeni adyna mynasyp bolan sport ussatlarymyzyň halkara derejeli ýaryşlara işjeň gatnaşyp, ýurdumyza gelýän medallaryň sanawyny has-da artdyrjakdyklaryna, halkara sport giňişliginde özleriniň gazanan üstünlikleri bilen Döwlet baýdagymyzy mundan beýläk-de belentde parlatjakdyklaryna pugta ynam bildirdi.

Biziň türgenlerimiz şu ýylyň 15 — 25-nji iýuly aralygynda goňşy Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen hem-de 21 ýurtdan 260-dan gowrak türgeniň gatnaşan agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdiler.

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy, Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa ýetginjek gyzlaryň arasynda 64 kilogram agram derejesinde çykyş edip, Özbegistandan, Gazagystandan, Hindistandan, Koreýa Respublikasyndan, Taýlanddan, Bahreýn Patyşalygyndan ýaryşa gatnaşan bäsdeşlerini ýeňip, üç altyn medaly eýeledi. Ol 64 kilogram agram derejesinde ýaş gyzlaryň arasyndaky ýaryşlarda iki bürünç medala hem mynasyp boldy.

Beýleki bir zehinli türgen, agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzasy, Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew ýetginjek oglanlaryň arasynda 89 kilogram agram derejesinde çykyş edip, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Yragyň, Koreýa Respublikasynyň, Bahreýniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň türgenlerinden öňe geçip, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. Ýaş türkmen agyr atletikaçysy çykyşlarynyň netijesi boýunça jemi üç altyn medaly gazandy.

Şeýle-de türkmen türgenleri şu ýylyň ulag boýunça ýaryşlarynyň esasy wakalarynyň birinde — Russiýanyň Ýewropa böleginiň çäklerinde 6 — 16-njy iýulda geçirilen “Ýüpek ýoly — 2022” atly halkara ralli-reýd ýaryşynda mynasyp wekilçilik etdiler.

“Ýüpek ýoly” diýen özboluşly, çuňňur mana eýe bolan at bilen bütin dünýäde meşhur bolan bu awtoulag ýaryşyny geçirmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini ýatlap geçmek ýerlikli bolar.

Üç döwletiň — Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň howandarlygy netijesinde 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda ilkinji gezek üstünlikli durmuşa geçirilen bu iri möçberli taslama sebitiň ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy ösdürmäge taýýardyklaryny görkezdi.

Geçilmeli ýoly çylşyrymly hem-de gyzykly bolan Astrahan — Moskwa ugry boýunça guralan bu gezekki ralli ýaryşyna dürli döwletlerden, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Gazagystandan, Bolgariýadan, Latwiýadan, Hytaýdan, Mongoliýadan jemi 32 topar gatnaşdy.

Kerwene goşulanlar Astrahandan badalga alyp, 4463 kilometr aralygy geçip, pellehana — Moskwa şäherine geldiler. Ýoluň köp bölegini ýolsuz ýerler: sähra bölekleri, çägelikler, çylşyrymly dag we tokaý bölekleri düzdi. 10 günlük ralliniň netijeleri boýunça sylaglary gowşurmak dabaralary Moskwadaky “Lužniki” stadionynda geçirildi.

Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça ýygyndy topary T2 görnüşde üstünlik gazandy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň wekili Merdan Toýlyýew we onuň şturmany Şöhrat Toýlyýew “233” belgi bilen “Nissan Patrol” awtoulagynda çykyş edip, 1-nji orna, altyn medala we degişli Kuboga mynasyp boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda has tapawutlanan türgenlere Arkadagly Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary, täze sport awtoulagynyň açaryny hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga ýollanmalary, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýöriteleşdirilen egin-eşikleri gowşurdy. Wise-premýer türgenleriň iri halkara ýaryşlarda Watanymyzyň Döwlet tuguny ýene-de ençeme gezek belende galdyrjakdyklaryna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan Türkmenistanyň awtomobil sporty boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenlerine “Nissan Pathfinder” sport awtoulagy sowgat berildi.

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek ugrundaky yzygiderli aladasy, ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, täze sport ýeňişlerini gazanmaga hemme şertleriň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, mähriban halkymyzyň hem-de Watanymyzyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Halkara ýaryşlaryň baýrak eýeleri gazanan üstünliklerine ýokary baha berlendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen sportunyň abraý-mertebesini has-da belende götermek ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan türgenler hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen awtoulagy ýüzüne sylyp kabul etdiler hem-de özleri üçin täze taýýarlanan we häzirki döwrüň awtomobil sportunyň talaplaryna doly laýyk gelýän türgen lybaslaryny geýip, ulagyň başyna geçip, ony «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň çäkleri boýunça sürdüler hem-de 2018-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça geçirilen “Amul — Hazar” halkara awtorallisiniň geçen ugry bilen ýola düşdüler.

Dünýä derejeli ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bilen Ýer ýüzüniň iri ýaryşlarynda Döwlet tugy buýsanç bilen parlaýan Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýan türgenler “Amul — Hazar” halkara awtoralli ýaryşynyň ugrunyň bir böleginden geçdiler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ýaşlarynyň geljekde-de milli awtomobil sportuny ösdürjekdiklerine, Diýarymyzyň dünýädäki sport abraýyny has-da artdyrjakdyklaryna ynamy berkidýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda binýady goýlan asylly ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýär we dowam etdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlan alym Arkadagymyz ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine we halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegine giň mümkinçilikleri döretdi. Her bir işde görelde bolýan Gahryman Arkadagymyz sportuň dürli görnüşleri bilen, şol sanda welosiped sürmek hem-de awtomobil sporty bilen meşgullanyp, ýaşlaryň ýokary netijeli sporta giňden çekilmegi ugrunda ähli zerur şertleri üpjün etdi.

2018-nji ýylda Türkmenistanda Amul — Hazar ugry boýunça halkara awtomobil ýaryşy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bu ýaryşa Gahryman Arkadagymyzyň özi hem gatnaşdy. Awtomobil sportunyň kadasyna laýyklykda, ýaryşa gatnaşdyrylýan awtoulagyň tehniki ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilýär. Şonda Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyz bilen bilelikde ýaryşa gatnaşdyryljak awtoulaglary täzeden gözden geçiripdiler.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport ulagynyň oturgyjyndan başlap, ähli gurallaryna çenli berk we oňaýly derejede bolmagynyň örän möhümdigini belläpdi. Awtoulagy dolandyrmagyň inçe tilsimleri bar. Tejribeli sürüji olary doly ele almak bilen, awtoulagy ralli ýaly jogapkärli ýaryşa ýokary derejede taýýarlap biler.

Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz awtoulagyň hereketlendirijisini, tigirlerini gözden geçiripdiler we olaryň käbirlerini täzeden düzüpdiler. Munuň özi hormatly Arkadagymyzyň islendik işde bolşy ýaly, sport ýaryşlarynda hem öňde durýan wezipeleriň oňyn çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň aýdyň beýany boldy. Hormatly Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz ýaryşlaryň geçýän ugrunyň çylşyrymly şertlerini nazara alyp, ulagyň abatlyk derejesiniň ýokary bolmalydygyna, onuň berkligine we güýjüne aýratyn ähmiýet beripdiler.

Soňra Gahryman Arkadagymyz özüniň çyzgylary esasynda täzeden düzülen sport awtoulagyny synap görmek maksady bilen, onuň ruluna geçdi. Arkadagly Serdarymyz bolsa şturmanyň ornunda ýerleşdi. Şeýlelik bilen, milli Liderimiziň erk edýän sport ulagy Garagum sährasynyň jümmüşine ýola düşüp, Gahryman Arkadagymyz kuwwatly sport ulagyny ýokary tizlikde sürüp, bellenilen aralygy ussatlyk bilen geçipdi.

Şeýle hem şu günki ajaýyp waka mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti, türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy.

***

Şu gün halkara ýaryşlara gatnaşyp, 2-nji we 3-nji baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň awtomobil sporty bilen meşgullanýan türgenleriniň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, hormaty ýaşulularyň, ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan berlen sowgatlary ýüzüne sylyp kabul eden türgenler türkmen sportunyň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi arkaly sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

Halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini hormatlamak dabarasy (turkmenistan.gov.tm)