RSS

SOŇKY HABARLAR

21 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KATAR DÖWLETINE DÖWLET SAPARY

2023-nji ýylyň 19-20-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary boldy. 20-nji martda günüň birinji ýarymynda «Sheraton Grand Doha Resort and Convention» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum guramalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirildi. Işewürlik çäresine Kataryň Söwda-senagat edarasynyň, Işewürler assosiasiýasynyň, “Delta Group”, “Turnkey Trading and Contracting”, “Sh...

DOWAMY
20 Mar

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 181 MILLION 691 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.  Nebiti gaýtadan işleýän senagatyň önümleri ýokary islegden peýdalanýar. Şeýlelikde, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Maltanyň we beýleki döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, awtobenzini, ýangyç mazudyny we uçar kerosinini satyn aldylar.  Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäni...

DOWAMY
19 Mar

ARKADAG ŞÄHERINDE GURLAN BILIM, SAGLYGY GORAÝYŞ, MEDENIÝET EDARALARYNA WE SUNGAT BINASYNA TÜRKMEN HALKYNYŇ GÖRNÜKLI ŞAHSYÝETLERINIŇ ATLARYNY DAKMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şähergurluşy...

DOWAMY
19 Mar

ARKADAG ŞÄHERINDE TÄZE ETRAPLARY DÖRETMEK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, amala aşyrýan işleriniň, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň netijesinde gözel Diýarymyz bu gün taryhda görlüp-eşidilmedik ösüş derejelerine ýetdi. Arkadag şäherinde «akylly şäher» konsepsiýasyny netijeli durmuşa geçirmek üçin şäheriň edaralarynyň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri...

DOWAMY
18 Mar

YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLER GEŇEŞINIŇ 49-NJY MEJLISI ÖZ IŞINI TAMAMLADY

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Nuakşot şäherinde, Mawritaniýada geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrler geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. “Araçyllyk: howpsuzlygyň we durnuklygyň açary” şygary bilen geçirilýän mejlisiň jemleýji güni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryndan gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Öz ge...

DOWAMY
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleri we saýlawlara görülýän taýýarlyk barad...

DOWAMY
17 Mar

AŞGABATDA SENAGATÇYLARYŇ HEM-DE TELEKEÇILERIŇ SERGISI WE MASLAHATY GEÇIRILÝÄR

Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Şeýle-de bu waka mynasybetli maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemläp, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk bölegini ösdürmek, telekeçilik başlangyçlary goldamak we döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerim...

DOWAMY