RSS

SOŇKY HABARLAR

17 Iýun

Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji iýunynda Warşawada Türkmenistan bilen Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, polýak tarapyna Polşanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdi. Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmen-polýak hyzmatd...

DOWAMY
13 Iýun

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi dogrusynda pikir alyşdylar. Söhbetdeşler ýokary derejedäki gatnaşyklaryň yzygiderli we depginli häsiýeti bilen berkidilen ikitarap...

DOWAMY
13 Iýun

Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Jon Uilýam Giringden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli ar...

DOWAMY
12 Iýun

Daşary işler ministriniň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda myhmany ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen...

DOWAMY
12 Iýun

Awstraliýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstraliýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Uilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we  ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda...

DOWAMY
12 Iýun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi. Ilki bilen Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryha uzaýan gatnaşyklarynyň häzi...

DOWAMY
12 Iýun

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler hem-de işewürlik maslahatyna gatnaşdylar

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky “Arkadag” myhmanhanasyna gelip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Koreýa Respublikasynyň Prezi...

DOWAMY