RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
5 Few

Türkmenistanyň DIM-de türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Nagaşima Akihisanyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Geçirilen gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda ugurlaryň giň toplumy boýunça üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek...

DOWAMY
pic
5 Few

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa we ÝB-niň döwletleriniň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Duşanbe şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Owganystan boýunça ýörite wekilleriň altynjy duşuşygy geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygy we ösüşiň ileri tutulýan meseleleri, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady ýagdaýlar barada düýpli pikir alyşyldy. Şeýle formatda ýörite wekilleriň duşuşyklarynyň y...

DOWAMY
pic
4 Few

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi

2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda Astana amala aşyran sapary döwründe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew tarapyndan kabul edildi. Duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystanyň Prezidentiniň...

DOWAMY
pic
3 Few

Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, gazak tarapyna – Premýer-ministriň orunbasary, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýör...

DOWAMY
pic
3 Few

Türkmenistanyň wekiliýeti YHG-a agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýokary derejeli komitetiniň birinji mejlisine gatnaşdy. Mejlise YHG-e agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, sebit guramalarynyň, şeýle hem YHG-nyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, sebit institutlarynyň we düzüm...

DOWAMY
pic
3 Few

Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 2-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Efiopiýanyň dolandyryjy partiýasy – «Rowaçlyk partiýasynyň» ýolbaşçylygynyň çakylygy boýunça amala aşyrylan saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Addis Abebada geçirilen partiýanyň ikinji gurultaýyna gatnaşdy. Gutlag sözi bilen çykyş eden Türkmenistan Demo...

DOWAMY
pic
31 Ýan

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara ba...

DOWAMY