RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Mar

AŞGABATDA SENAGATÇYLARYŇ HEM-DE TELEKEÇILERIŇ SERGISI WE MASLAHATY GEÇIRILÝÄR

Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Şeýle-de bu waka mynasybetli maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurdumyzyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemläp, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk bölegini ösdürmek, telekeçilik başlangyçlary goldamak we döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerim...

DOWAMY
pic
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE HINDISTANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu P.Nair bilen gepleşikleri geçirildi we onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibininde durýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösmeginiň esasy görkezijisi iň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durý...

DOWAMY
pic
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-BRITAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lusia Waýld bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini belläp, iki ýurduň arasyndaky özara hereketleriň dür...

DOWAMY
pic
17 Mar

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ WE GRUZIÝANYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda hereket edýän we öz güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň, şeýle hem iki ýurduň garamagyndaky resminamalaryň taslamalarynyň sanawyna seredildi. Diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadynyň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerini kesgitl...

DOWAMY
pic
17 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YSLAM HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 16-17-nji martynda Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň paýtagty Nuakşot şäherinde geçirilýän Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 49-njy mejlisiniň işine gatnaşýar. Mejlisiň dowamynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy we beýleki ugurlar boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Mundan başga-da, mejlisiň gün tertibinde Yslam Hyzmatdaşlyk...

DOWAMY
pic
16 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BUIG” KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, özüniň ýolbaşçylyk edýän holdingine Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary, ozaly bilen, ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbiniň özgerdilmegine gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny nygtady. Hormatly Prezidentim...

DOWAMY
pic
16 Mar

TÜRKMEN TELEKEÇILIGINIŇ ÖSÜŞ TAPGYRLARY

Mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyny belleýär. Geçen döwürde döwletiň hemmetaraplaýyn goldawy bilen netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Türkmen telekeçiliginiň gerimi giňäp, ol hil taýdan ösdi, telekeçileriň sany barha artýar. Hususy pudagyň ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň, innowasiýa ösüşi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksportyň...

DOWAMY