RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PARLAMENT WEKILIÝETI PARLAMENTARA BILELEŞIGINIŇ ASSAMBLEÝASYNYŇ HEM-DE GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ ÇÄRELERINE GATNAŞÝAR

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary G.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 11-15-nji marty aralygynda Manama şäherinde (Bahreýn Patyşalygy) geçirilýän Parlamentara bileleşiginiň 146-njy Assambleýasynyň işine gatnaşýar. Assmableýanyň işine 117 sany daşary ýurt parlament wekiliýetleri gatnaşýar. Parlamentara bileleşiginiň Assambleýasynyň umumy garaýyşlary “Parahatçylykly ýaşamaga ýardam bermek we inklýuziw jemgyýet: çydamsyzlyga garşy göreşmek” atly temada jemlenendir. Bu b...

DOWAMY
pic
14 Mar

TÜRKMENISTAN UKRAIN HALKYNYŇ ÇAGALARY ÜÇIN YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň mart aýynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina muzdsuz bermek tabşyryldy. Ukrain halkynyň çagalary üçin bu ynsanperwer kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berm...

DOWAMY
pic
13 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsüm...

DOWAMY
pic
13 Mar

TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 33-SI HASABA ALYNDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, awtobenzini we uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçilerine portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 900 mü...

DOWAMY
pic
13 Mar

EÝRANYŇ ILÇISI BILEN BOLAN DUŞUŞYK BARADA

Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji martynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak bilen, taraplar iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiý...

DOWAMY
pic
13 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY ÝURTLARDAKY KONSULLYK EDARALARYNYŇ IŞI BARADA

Dünýädäki kyn epidemiologiki hem-de tebigy we tehniki adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli Türkmenistanyň diplomatik gullugy daşary ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny goramak üçin işjeň çäreleri amala aşyrdy we  häzir hem dowam etdirýär. Mälim bolşy ýaly, COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli Türkmenistanyň ýüzlerçe raýaty watanynyň daşynda galmaga mejbur boldy. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlarda bolmagy üçin amatly şertleri döretmek mak...

DOWAMY
pic
12 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady. “Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly bilelikde tagalla etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär. Hormat...

DOWAMY