TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Baku şäherinde duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu sammite gatnaşmaga çakylygy, mähirli kabul edendigi we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutany şu günki duşu...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ COVID-19 BILEN GÖREŞMEK BOÝUNÇA ARAGATNAŞYK TOPARYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň Sammitine gatnaşdy. Ýokary derejeli duşuşyga döwlet we hökümet baştutanlary, dürli ýurtlaryň we iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň we beýle...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Rumen Radewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Bolgariýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsüni we goldawyny nygtap, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly müm...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNY GUTLADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Russiýanyň Premýer-ministriniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň, işewürlik mas...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA KOMITETINIŇ MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 1-2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça komitetiniň 137-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümi Türkmenistanyň Mejlisiniň, daşary işler, adalat we içeri işler ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Baş prokuraturanyň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekillerinden ybarat. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Raýat we syýasy hukular hakynd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “WOZROŽDENIÝE” TASLAMA-GURLUŞYK KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň giň möçberli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyryl...