RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “AWAZA” MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümk...

DOWAMY
pic
23 Noý

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryny, mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnandyk diýip nygtady. Şu günki mejlise Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-si gatnaşýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistan...

DOWAMY
pic
23 Noý

NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANYŞYGYNA GARŞY GÖREŞ MESELELERI AŞGABATDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR

Neşe serişdeleri boýunça komissiýanyň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi toparyň 55-nji mejlisi Aşgabadyň “Yyldyz” myhmanhanasynda geçirilýär. Çäräni Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Neşelere we jenaýata garşy göreş müdirligi (UNODC) bilen bilelikde gurady. Oňa Gazagystan, Gyrgyzystan, Hindistan, Iordaniýa, Fransiýa, Awstriýa ýaly 11 ýurtdan delegatlar, şeýle hem birnäçe halkara guramalar...

DOWAMY
pic
23 Noý

AŞGABATDA ÝAŞYL WE WODOROD ENERGETIKASY HEM-DE METANYŇ ZYŇYNDYLARY UGURLARY BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝB-NIŇ BILELIKDÄKI MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Aşgabatda “Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy” temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşinde maslahaty Türkmenistanyň energetika ministri we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso açdylar. Kadri Simson, Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça komissarynyň we Klara de la Torre, Ýewropa Komissiýasynyň howanyň üýtgeme...

DOWAMY
pic
23 Noý

TÜRKMENISTANDA ILATYŇ WE ÝAŞAÝYŞ JAÝ GORUNYŇ UÇDANTUTMA ÝAZUWYNA TAÝÝARLYK GÖRÜLÝÄR

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Häzirki wagtda “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary astynda geçjek bu möhüm çärä taýýarlyk işleri dowam edýär. Türkmen halkynyň öz däp-dessurlaryna, baý taryhy-medeni mirasyna ygrarlydygyny alamatlandyrýan ak öý bu çäräniň nyşany boldy. Ýurdumyzyň ilatynyň sany, demografik düzümi hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri baradaky doly maglumaty...

DOWAMY
pic
23 Noý

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY TAMAMLANDY

22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň işewürleri bilen duşuşygyň geçirilýän ýerine — kaşaň «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin...

DOWAMY
pic
22 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY

2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary BAE-niň paýtagty Abu-Dabiniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Mohammed Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Soňra hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň köşgüne...

DOWAMY