TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Hemişelik utgaşdyryjylary – BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Gazagystan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Stiwen O’Malli, BMG-niň Gyrgyz Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Kristin Antje Grawe hem-de BMG-niň Özbegistan Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy Sabine...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahatynyň, şeýle hem “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi. Şu ýylyň 12-16-njy maýy aralygynda Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän okuw maslahaty ýaş diplomatlaryň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga, ynanyşmak ýag...
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 9-njy maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady we şol ýerde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy. “Wnukowo — 2” Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Prawda” we “Sowet Türkmenistany” gazetleriniň 1945-nji ýyldaky...
Состоялся телефонный разговор между главами внешнеполитических ведомств Туркменистана и Азербайджана
8 мая 2025 года состоялся телефонный разговор между Министром иностранных дел Турменистана Рашидом Мередовым и Министром иностранных дел Азербайджана Джейхуном Байрамовым. В ходе беседы стороны обсудили широкий круг вопросов связанных с дальнейшим развитием двустороннего сотрудничества. Также были рассмотрены международные и региональные вопросы представляющие взаимный интерес.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy geçirildi
Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşygy geçirildi. Bilelikde ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda gepleşikler geçirildi. Prezident Emmanuel Makron belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýa gelmäge çak...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Fransiýa Respublikasyna resmi sapary barada
2025-nji ýylyň 5-6-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksatnamasy örän baý boldy. Pariže gelenden soňra Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň resmi wekili bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň wekili Fransiýanyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Türkm...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) halkara bilermenlerinden düzülen baha beriş missiýasynyň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Häzirki wagtda hereket edýän Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-Habitatyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek gepleşikleriň esasy mowzugy boldy. Duşuşygyň barşynda soňky ýyllard...