TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine bardy we bu ýerde “Garaşsyzlyk” ýadygärligine gül goýdy. Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezi...
Türkmenistanyň we Alžiriň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler, daşary ýurtlardaky milli jemgyýetçilik we Afrika işleri boýunça ministri Ahmed Attafyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň m...
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň VII konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy. Kongres merkeziniň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji k...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy
2025-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna geldi. Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady. Howa menzilinde iki ýurduň Prezidentleriniň söhbetdeşligi boldy. Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de Tü...
Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Marokko Patyşalygynyň Daşary işler, Afrika hyzmatdaşlygy we daşary ýurtlardaky marokkolylaryň işleri boýunça ministri Nasser Buritanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Marokkonyň halkara we sebit gurama...
Türkmenistan bilen Müsüriň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Müsür Arap Respublikasynyň Daşary işler, emigrasiýa we daşary ýurtlardaky müsürlileriň işleri boýunça ministri Badr Abdelattiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge bolan özara gyzyklanmasyny bildirmek bilen, halkara parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm meseleleri boýunça garaý...
Türkmenistanyň we Rumyniýanyň DIM-leriniň ýolbaşçylary telefon arkaly gepleşikleri geçirdiler
2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministri Oana Toýunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli...