TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GARAŞSYZLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda giňden bellenilýän Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu nurana baýram biziň her birimiziň kalbymyzda Diýarymyzyň şöhratly geçmişine hem-de häzirki bagtyýar zamanasyna buýsanjy, röwşen geljegine ynamy artdyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet d...
TDHÇMB-NYŇ GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 7 MILLION 558 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini hem-de polipropileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň telekeçileri nah ýüplügi, tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümle...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE SANKT-PETERBURG ŞÄHERINIŇ GUBERNATORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory Aleksandr Beglowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ösdürilýändigini nygtadylar. Hususan-da türkmen-rus gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda esasy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE MONTANA ŞTATYNYŇ GENERAL ADÝUTANTY BILEN HARBY MESELELER BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Montana ştatynyň General maýory, General adýutanty, Montana ştatynyň Milli gwardiýasynyň Baş serkerdesi we Montana ştatynyň Döwlet departamentiniň Harby meseleler boýunça müdiri Jon P. Hronek bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligi, ABŞ-nyň Milli gwardiýa býurosy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň gaýtadan täzelen...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BOUYGUES” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň Baş direktory Marten Buigi kabul etdi. Meşhur fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy we hoşniýetli sözleri ü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “VINCI CONSTRUCTION GRANDS PROJETS” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Patrik Kadrini kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşyga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady hem-de döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de kompaniýanyň ýolbaşçysy Aşgabada ilkinji gezek gelip görýändigini, onuň gözel keşbine haýran galandygyny belledi....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “CIFAL” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Žil Remini kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlap, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi. Žil Reminiň belleýşi ýaly, şu baýramçylyk günlerinde Aşgabatda bolmak onda uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasatynyň Fransiýanyň, umuman, Ýewropanyň işewür toparlarynyň...