RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Iýul

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN WIDEODUŞUŞYK

Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde türkmen we fransuz hünärmenleriniň wideoduşuşygy geçirildi. Ol Fransiýanyň Luwr muzeýinde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň sergisini guramak meselesine bagyşlandy. Onlaýn duşuşykda türkmen hünärmenleri, şol sanda Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirligiň işgärleri Luwr muzeýiniň Gadymy Gündogar departamentiniň ylmy işgärleri bilen sergini guramagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen...

DOWAMY
pic
7 Iýul

3Х3 BASKETBOL BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR ÝYGYNDYSY AZIÝA KUBOGY UGRUNDAKY ÝARYŞYŇ FINAL TAPGYRYNA ÇYKDY

3х3 basketbol boýunça Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy 8-nji iýuldan 10-njy iýul aralygynda Singapurda geçiriljek Aziýa kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyryna çykdy. Aleksandr Paşkowyň tälim berýän türgenleri «E» toparçada Guamyň, Gazagystanyň we Papua-Täze Gwineýanyň toparlarynyň gatnaşmagynda şol ýerde geçirilýän saýlama tapgyrda ýeňiş gazanyp, şeýle üstünlige eýe boldular. Ilkinji oýunda türkmen basketbolçylary Guamyň toparyny 21:14, Gazagystanyň ýygyndysyny 21:10, Papua-Täze Gwineýanyň...

DOWAMY
pic
7 Iýul

«AHAL» WE «ŞAGADAM» TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASYNYŇ KUBOGY-2022 BAÝRAGY UGRUNDA BÄSLEŞERLER

Ýarym final duşuşyklarynyň netijesi boýunça «Ahal» we Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam» klublarynyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy-2022 baýragy ugrunda bäsleşjekdigi aýan boldy. «Ahal» topary Arslanmyrat Amanowyň (37-nji minutda) we Arzuwguly Sapargulyýewiň (89-njy minutda) dürs urgylary bilen «Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Şagadam» bilen Balkanabadyň «Nebitçisiniň» duşuşygynda oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda deň tamamlanandygy sebäpli, ýeňijini 11 metrlik urgulary ar...

DOWAMY
pic
7 Iýul

INNOWASION ÖSÜŞIŇ GIREWI

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaga saldamly goşant goşýarlar. Olaryň ylmy işleriniň we seljermeleriniň netijeleri senagatyň dürli pudaklarynyň ösüşini, ýerli çig mal ulanyp, içerki we daşarky bazarlarda ýokary bäsleşige ukyply önümleri öndürmek üçin şertleri döretmegi üpjün edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda 2022-nji ýylyň birinji ýarym ýylynda netijeli işler geçirildi. Institutda y...

DOWAMY
pic
7 Iýul

TALYPLAR TEATRYNYŇ SAHNASYNDA NUSGAWY ESERLER

Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň ikinji ýyl talyplary nusgawy drama eserleri esasynda üç oýnuň ilkinji görkezilişini geçirdiler. Nusgawy oýunlary talyplaryň özleri saýlap aldylar. Sahna oýunlaryň görkezilişine institutyň mugallymlary, dürli ýyllaryň talyplary we tomaşaçylar gatnaşdylar. Perde açylan badyna tomaşaçylaryň öňünde Aleksandr Ostrowskiniň «Düşewüntli ýer» dramasynyň gahrymanlary peýda boldy. Sahna bezeginiň soňky derejesine çenli azaldylandygy derrew...

DOWAMY
pic
7 Iýul

TÜRKMENISTAN WE ÝHHG HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNY BELLEÝÄR

2022-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabatda "Türkmenistan we ÝHHG: üstünlikli hyzmatdaşlyga 30 ýyl" atly maslahat geçirildi. Maslahat, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan gurnaldy. Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň, edaralaryň we guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministr...

DOWAMY
pic
7 Iýul

NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÇÄRE GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRASEKA) halkara ulag geçilgesi boýunça Hökümetara topary,  Hökümetara ýolagçylar geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkezi bilen bilelikde gibrid görnüşde 2022-nji ýylyň BMG-niň Ýokary derejesindäki Syýasy forumynyň çäklerinde «Blokçein tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly global üpjünçilik zynjyryny dolandyrmagy sanlaşdyrmak» atly çäräni geçirdi. Çärän...

DOWAMY