TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
ÝOKARY BILIM DEREJESINI GÖRKEZDILER
Daşoguz şäheriniň ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiniň okuwçylary ABŞ-de geçirilen FISO-2022 halkara Olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler. Uzak aralykdan geçirilen “Geljek intellektiň talyplarynyň olimpiadasy” atlandyrylan halkara ýaryşyň barşynda olar 21-nji baýrakly ýeri eýelediler. Ýaryşa jemi 20 ýurtdan 1271 okuwçynyň gatnaşandygyny bellemelidiris. Olar okuwçylaryň akyl-bilim derejesini, olaryň aglaba mekdep derslerini bilýändiklerini kegitlemäge mümkinçilik berýän toparlarda ýaryşdylar....
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ MILLI NEBITGAZ KORPORASIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi. “CNPC-niň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Açyk gapyl...
ÝUNESKO-NYŇ IŞLERI BOÝUNÇA MILLI KOMISSIÝASY MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGDUK MEKANYNA BARYP GÖRDI
Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň baýram edilmegi we onuň doglan gününiň 300 ýyllygyna dabaralaryň taýýarlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň kätipligi ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde beýik türkmen akyldar şahyrynyň dogduk mekanyna sapar gurady. ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýanyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň gahrymany Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Balkan welaýatynyň Ma...
«DEGREPLAST» POLIMER ÖNÜMLERINI DAŞARY ÝURT BAZARLARYNA IBERÝÄR
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän «Degreplast» hojalyk jemgyýeti polipropilen we polietilen torbalaryň we örtgüleriň önümçiligini alyp barýar. 2017-nji ýylda önümçilige başlan kärhanada Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy aýda 300 tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde dokma önümçiliginde taýýar egin-eşikleri, gurluşyk serişdelerini, oba hojalyk önümlerini gaplamakda peýdalanylýan polipropilen we polietilen örtgüleriň dürli re...
MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN GÖÇME MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary we Lebap welaýatlaryna toý saparlaryny tamamlap, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň maslahatlar zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly, ilkinji nobatdaky wezipeler girizildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Mary we Lebap welaýatlarynda toý saparlarynyň çäklerinde galla oragynyň barşy bilen tanşylandygyny aýtdy. Hormat...
AHAL WELAÝATYNYŇ TÄZE MERKEZI TOPLUMLAÝYN ŞÄHERGURLUŞYGYŇ NUSGASYDYR
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler, şäheri abadanlaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar, binalaryň bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ LEBAP WELAÝATYNA TOÝ SAPARY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri, senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gündogar sebitinde senagat we oba hojalygy pudaklarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün...