TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN-ÖZBEK GÜMRÜK HYZMATDAŞLYGY GIŇEÝÄR
2022-nji ýylyň 20-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň hünärmenleriň duşuşygy geçirildi. Hünärmenler, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda özara söwdada gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşdylar. Taraplar, Ta...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ BIRINJI ORUNBASARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi we söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzy okgunly ösdürmäge gönükdirile...
TÜRKMENISTANDA DOSTLUKLY DÖWLETIŇ BAŞTUTANY HATYRALANDY
Şu gün Gökdepe metjidinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň merhum döwlet Baştutany Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli gününiň sadakasy berildi. Ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz ir bilen Köşidäki metjide geldi. Hajy Arkadagymyz ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň, din wekilleriniň...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTI HAT IBERDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hat iberdi. Ol şu ýyl Gazagystanyň we Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtady. “Biziň doganlyk döwletlerimiz geçen onýyllyklaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-biregi goldamak gatnaşyklaryna daýanyp, köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýdular. Bu gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär. B...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI NIDERLANDLARYŇ PATYŞASYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Radewe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esa...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY ESASYNDA “DOSTLUK” ORDENI BILEN SYLAGLANYLDY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda “Dostluk” ordeni bilen sylaglanyldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow aýtdy. Ol hasabat bilen çykyş etmezden ozal, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ençeme ýyllaryň dowamynda diplomat hökmünde Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň durmuşa ge...