TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Inýasio Kassise we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de ö...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 49-SY HASABA ALYNDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, arassalanmadyk parafini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndüri...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KUBA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudese Gawana şäherindäki “Saratoga” myhmanhanasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren partlama zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan e...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PERU RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Peru Respublikasynyň Prezidenti Pedro Kastilo hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Peru Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýandygyn...
TÜRKMEN KOMPANIÝASY “HAZYNA” NYŞANLY TÄZE AZYK ÖNÜMLERINIŇ ÖNÜMÇILIGINIŇ ÝOLA GOÝDY
“Owadan ülke” hojalyk jemgyýeti şu ýylyň aprel aýynda täze önümçiligi ýola goýdy. Täze önüm bolan spred (mesge) ýagy pagta çigidinden alynýan ýagy gaýtadan işlemek arkaly öndürilýär. “Hazyna” nyşany bilen öndürilip başlanan mesge ýagy 200 gramlyk, 5, 10, 20 kilogramlyk gaplara gaplanylýar. Şeýle hem hojalyk jemgyýeti tarapyndan raps ýagynyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny hem bellemek gerek. Ekologiýa taýdan arassalygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan raps ýagy hem “Hazyna” nyşany bilen 1 l...
BEÝIK ÝEŇIŞIŇ 77 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALAR
Ýeňiş gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ad...