TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA YHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Çäräniň gün tertibine Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri, YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň seb...
YHG AGZA DÖWLETLERIŇ IŞEWÜRLER MASLAHATY
2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurtlardan 40 wekil, hususan-da YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, YHG agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we Söwda biržalar birleşiginiň, Türkiýe-Pakistan Söwda-senagat edarasynyň hem-d...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ MEREKZI AZIÝA ÜÇIN TÄZE SEBITLEÝIN MAKSATNAMASYNY IŞE GIRIZMEK DABARASYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Daşkent şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Ýerine ýetiriji sekretary Geda Fathi Waliniň gatnaşmagynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekmek hem-de ony işe girizmek dabarasy geçirildi. Köpugurly gepleşiklerde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaş...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijelerine garamak, pudagyň ykdysady ýagdaýyna degişli meseleler boýunça maslahat ge...
TÜRKMENISTANYŇ HÜNÄRMENLERI GDA DÖWLETLERINIŇ ALYMLARYNYŇ ÜÇÜNJI FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞAR
24 – 27-nji noýabrda Minskde GDA ýurtlarynyň alymlarynyň ylmyň ösüşine bagyşlanan III forumy geçiriler. Bu çäräniň esasy maksatlary GDA döwletleriniň arasynda ylmy we tehniki hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, bilelikdäki täze gözlegleri höweslendirmek we hünärmenler jemgyýetinde alymlaryň we ýaş hünärmenleriň halkara çakganlyk ulgamyny döretmekdir. Tegelek stoluň başynda aşakdaky temalary ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär: «Düýpli ylymyň ýagdaýy we geljekdäki ösüşi», «Sanly döwürde ylmy hyz...
В ГЕРАТЕ СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА ПРЕДСТАВИТЕЛЕЙ ТУРКМЕНИСТАНА И АФГАНИСТАНА
В рамках визита Чрезвычайного и Полномочного Посла Туркменистана в Афганистане Х.Овезова в город Герат, состоялись переговоры с представителями Афганистана. Визит начался с переговоров делегаций Туркменистана и Афганистана в расширенном формате. Далее состоялись встречи рабочих групп по разным направлениям сотрудничества. В ходе встречи рабочей группы по границе и безопасности были обсуждены вопросы безопасности туркмено-афганской границы, крупных экономических проектов, реализующихся Турк...
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI
Şu gün, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni...