TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ BILDIRDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene ýurduň Kentukki ştatynda bolup geçen, köp sanly şikes ýetmelere we ýitgilere getiren güýçli harasat zerarly, gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bols...
GAZAGYSTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI METBUGAT MASLAHATYNY GEÇIRDI
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erkebulan Sapiýew Aşgabatda Gazagystan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan metbugat maslahatyny geçirdi. Ilçi 2021-nji ýylda pandemiýa we karantin çäklendirmeleri zerarly dünýä ykdysadyýeti çylşyrymly bolsa-da, Gazagystanyň ykdysadyýetiniň ynamly ösüş depginini saklap galandygyny belledi – şu ýylyň on aýynyň netijesi boýunça ýurduň JIÖ-niň ösüşi 3,5% boldy. Täzeden işleýän senagat önümçili...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY
Şu gün, 14-nji dekabrda Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy. Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiziň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama «goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek bab...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK FORUMYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN TEGELEK-STOL GEÇIRILDI
Şu gün, 14-nji dekabrda Daşary işler ministrliginde 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Hökümetiniň giňeldilen mejlisiniň, şeýle-de 11-nji dekabrda türkmen paýtagtynda geçen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň jemlerine bagyşlanan tegelek-stol guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanal...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly ýurduň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýöredýän Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Şu gün türkmenistanlylar Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamasyny kabul etmeginiň 26 ýyllygyny belleýärler. Bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Baş şäherimizde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda halkymyzyň belent binýatlaýyn ýörelgeleriniň — parahatçylyk söýüjiligiň, hoşmeýilliligiň he...
WATANYMYZYŇ BITARAPLYGYNYŇ ŞANYNA DÖREDIJILIK SOWGADY
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Medeni diplomatiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ol halklaryň arasynda parahatçylyk, özara düşünişmek, hormat goýmak esasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orna eýedir....