TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 2-3-nji dekabrynda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde ÝHHG-niň agza-döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisi, ÝHHG-niň häzirki başlygy, Şwesiýanyň Daşary işler ministri A.Lindeniň baştutanlygynda geçirildi. Mejlisiň işine ÝHHG sebitiniň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Hemişelik wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle hem 10 sany hyzmatdaş-ýurtlaryň wekiliýetleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda ÝHHG-niň agza-döw...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERMEGI TABŞYRDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda Owganystan halkyna ynsanperwer kömegini ibermegi tabşyrdy. Bu barada milli Liderimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýere, daşary işler ministrine R.Meredowa degişli görkezme berdi. Geçen hepde döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatda geçen 15-nji sammitinde eden çykyşynda guramanyň agza-döwletlerini owgan halkyna gyssagly ynsanperwerlik kömegini bermäge çagyrypdy. Döwl...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE ÝAZAN HATY GELIP GOWUŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi döwlet Baştutanyny Hindistan Respublikasynyň Güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine hem-de “Hindistan — Merkezi Aziýa” ýokary derejeli sammite gatnaşmaga çagyrýar. Narendra Modi öz hatynda Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy barada belleýär. "Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak b...
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginde sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatd...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň berkidilmegine gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm meselelerine garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki...
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, olaryň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de harby özgertmeleriň durmuş meseleleri girizildi. Milli Liderimiz mejlisi açyp, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetin...
GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2-nji dekabrda Moskwada, Ýewraziýa Kongresiniň çäginde GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň şu ýylyň iň soňky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynyň geňeşçisi Serdar Durdyýew gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşanlar GDA-nyň çäginde ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar we birnäçe resminamalaryň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugynyň habarynda bu komitetiň Ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri...