RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Ýan

Şweýsariýanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli kabul etdi. Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bildirdiler. Diplomatl...

DOWAMY
22 Ýan

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

2024-nji  ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Ýaponiýanyň hökümetinde, Parlamentinde, degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle-de maliýe we eksport-karz beriş agentlikleriniň, öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Geçiriljek duşuşyklarda döwletara gatnaşyklary b...

DOWAMY
20 Ýan

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. R.Meredow duşuşygy açmak bilen, ÝUNESKO-nyň işleri barada pudagara toparyň çäginde 2023-nji ýylyň dowamynda alnyp barylan anyk işleriň netijeleri...

DOWAMY
19 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde häzirki meseleler we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmakda özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň energetika ulgamyndaky mümkinç...

DOWAMY
19 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. J.Owji Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylý...

DOWAMY
18 Ýan

Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri boýunça dialog dowam etdi

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn saparlary we çäreleri guramak, nobatdaky “Ýe...

DOWAMY
18 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

2024-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinasy kabul etdi.  M.Şinas Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge Ýewropa Bileleşiginiň gyzyklanma bildirýändigini belläp, Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny ýetirdi. Prezident Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidentiniň öňde duran gepleşikleriniň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugu...

DOWAMY