TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
MÜŞDERI SANAWY UZAÝAR
Köneürgenç etrabynda ýerleşen pagta-egirme fabriginiň öndürýän ýokary hilli ýüplügini alýan daşary ýurtly müşderileriň sanawy barha uzaýar. Şu ýyl olaryň hataryna ilkinji gezek Hytaý hem girdi. Bu kärhananyň önümine, adatça birnäçe Ýewropa we käbir Arap ýurtlaryndan bolan alyjylar isleg bildirýärler. Çig mal biržasynda baglanyşylýan ähtnamalaryň şertlerine laýyklykda her ýyl fabrik özüniň öndürýän pagta ýüplüginiň takmynan 70 göterimini daşary ýurtlara satýar. Muňa şu ýerde öndürilýän önümiň ýok...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY HHR-IŇ JAR EDILEN GÜNI BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana hem-de dostlukly ýurduň halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Milli Liderimiz iberen hatlarynda Hytaýyň geçen döwrüň içinde öz halkynyň zähmetiniň we öňdengörüjilikli döwlet syýasat...
SUNGATA HYZMAT — WATANA HYZMAT
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaлн uly konsert çäreleriniň hiç biremб ençeme halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi konsertmeýster Stella Faramazowasyz geçmeýär. Zehinli türkmen kompozitorlarynyň we ýewropaly saz ussatlarynyň eserleriniň ýakymly owazyndan lezzet almak üçin her gezek konserwatoriýanyň uly zalyna gelýän nusgawy sazyň muşdaklary ony gaty gowy tanaýarlar. Söýgüli pianinoçymyzyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagy onuň özi bilen bir hatarda tomaşaç...
BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI JEMLENDI
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny gabatlap geçrilen «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – ösüşiň ganaty» atly çeper we publisistik makalalaryň bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty tarapyndan gurnalan döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjylar iki kategoriýada bäsleşdiler. Birinjisine žurnalistika fakultetleriniň talyplary, ikinjisine bolsa beýleki hünärle...
TÜRKMEN TOÝ LYBASLARY GAZAGYSTANDAKY SERGIDE
Gazagystanyň gündogaryndaky Ust-Kamenogorsk şäherinde guralan sergide milli toý lybaslary görkezilýär. Köp milletli Ust-Kamenogorsk bu ýerde ýaşaýan dürli halklaryň medeniýetini özünde jemleýär. Muňa gündogar Gazagystan sebtinde binagärlik-etnografiýa we tebigat-landşaft muzeý-goraghanasynda guralan lybaslar sergisi-de şaýatlyk edýär. Gazagystanyň, Russiýanyň, Koreýanyň, Tatarystanyň, Ukrainanyň we Germaniýanyň halklarynyň özboluşly toý lybaslarynyň arasynda Türkmenistandan eksponat ed...
GÜMRÜK HABARLARY: TÜRKMEN GÖK-MIWE ÖNÜMLERI GOŇŞY DÖWLETLERE EKSPORT EDILÝÄR
Türkmenistanda ýetişdirilýän gök we miwe önümleri goňşy döwletlere eksport edilýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, «Arzuwly tutum» daýhan hojalygy şu ýyl Russiýa Federasiýasyna 27 tonna üzüm, Gazagystana – 20 tonna gawun we 20 tonna sogan ugratdy. Gök önümler Daşoguz welaýatynda hususy telekeçi Maksat Gurbandurdyýewiň kärendä alan ýerinde ýetişdirildi. Telekeçi gazagystanly hyzmatdaşlaryna ýene-de bakja önümlerini ibermegi niýet edinýär. «Pess...
PAÝTAGTYMYZYŇ ÝAŞAÝJYLARYNYŇ WE MYHMANLARYNYŇ WAGTYNY GYZYKLY GEÇIRMEGI ÜÇIN MÜMKINÇILIKLER GIŇELÝÄR
Ozal habar berlişi ýaly, 26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk “Aşgabat” köpugurly toplumyň açylyş dabarasy boldy. Şu gün toplumyň düzümine girýän Söwda we dynç alyş merkezinde ýurdumyzyň Hökümet agzalary çagalary, agtyklary bilen bolup, merkezde çagalaryň we uly adamlaryň wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin döredilen mümkinçilikler bilen içgin tanyşdylar. Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň...