TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝUNISEF-IŇ AŞGABATDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gazanylan üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämill...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny...
DÖWLET BAŞTUTANYMYZ IŞ KESILENLERIŇ GÜNÄSINI GEÇMEK HAKYNDA PERMANA GOL ÇEKDI
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çek...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 15-NJI DUŞUŞYGYNY GEÇIRMEK BOÝUNÇA GURAMAÇYLYK TOPARY DÖREDILDI
Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli duşuşygy geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna...
TÜRKMENISTANDA GEÇIRILJEK VI HAZAR SAMMITIŇ GURAMAÇYLYK TOPARY DÖREDILDI
Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine düýpli taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli sammitiň Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna VI Hazar sammitini ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini, şeýle hem bu babatda ähli zerur çäreleri durmuşa geç...
TELEKEÇILIK-MASLAHATÇYLAR ÜÇIN ÝAÖB-NYŇ ONLAÝN-KURSY BAŞLANDY
Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň telekeçilik-maslahatçylar üçin «Öz konsalting telekeçiligiňe nähili başlamaly» atly okuw kursy başlandy. «Öz konsalting telekeçiligiňi ösdür» tapgyryndan onlaýn-trening Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Oňa bazarda 1-2 ýyl bäri işläp gelýän şahsy maslahatçylaryň we konsalting kompaniýalaryň wekillerinden 20-den gowragy gatnaşdy. Dolandyryş boýunça sertifikatly maslahatçy, Menejment boýunça malsahatçylaryň Gazagystan Palatasynyň agzasy, Gaza...
PÝOTR I-NIŇ MUZEÝINDÄKI TÜRKMEN EKSPONATLARYNYŇ SURAT KOLLEKSIÝASY
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Beýik Pýotr adyndaky Antropologiýa we etnografiýa muzeýi isleg bildirýänleriň ählisini internet arkaly gezelenje çagyrýar Kunstkamera. Kolleksiýalaryň maglumatlar bazasynyň hemmä elýeterli bölegi Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda ýüze çykarylan tapyndylary özünde jemleýär. Onlaýn katalog muzeýde toplanan köp sanly zatlary görmäge we olar bilen baglanyşykly taryhy: olary döredenleri we sowgat berenleri, toplanlary we ylmy ekspedisiýalary bilmäge mümkin...