RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Sen

ÝOLUŇ ROWANA, “AK ALTYN” KERWENI!

8-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna beslenen şu ýylda ýurdumyzda “ak altynyň” bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Häzir oba zähmetkeşleriniň baş wezipesi ýetişdirile...

DOWAMY
pic
8 Sen

ÝAŞ ZEHINLERIŇ AÝDYMLARY WATANYMYZYŇ ŞANYNA BELENTDEN ÝAŇLANÝAR “ÝAŇLAN, DIÝARYM!” TELEBÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY

Şu gün paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp geçirilýär. Her ýyl bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň aýdyň hem-de köpöwüşginli zehinleriniň gözden geçirilişi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleş...

DOWAMY
pic
8 Sen

TÜRKMENISTAN BAÝRAMA TAÝÝARLANÝAR

Türkmen halkynyň dabaraly ýagdaýda ýurt Garaşsyzlygynyň baýramyny bellejek pursadyna sanlyja gün galdy. Bu gün Türkmenistan öz milli baş başýramyny pugta binýatly, ýeterlik ykdysady we ynsanperwer mümkinçilikli, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudaklarynda uly möçberli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýan, bäsdeşlige ukyply döwrebap döwlet hökmünde garşylaýar. Türkmenistan öz ösüş ýoluna juda agyr ykdysady we durmuş şertlerinde başlapdy, SSSR-iň düzüminde ençeme ýyl bolan ýurduň ykdysadyýet...

DOWAMY
pic
8 Sen

TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BOÝUNÇA MINISTRLERIŇ KÖPTARAPLAÝYN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygy wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. ABŞ-nyň we GFR-nyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige şonuň ýaly-da dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gepleşikleriň esasy temasyna salgylanmak arkaly, gatnaşyj...

DOWAMY
pic
8 Sen

OWGANYSTANYŇ GOŇŞY DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen guraldy. Geňeşmelere şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we t...

DOWAMY
pic
8 Sen

SOLTAN TEKEŞIŇ ARAMGÄHI ÜRGENJIŇ ULY GONAMÇYLYGYDYR

Kutlug-Timuryň minarasynyň golaýynda ýerleşen Soltan Tekeşiň aramgähi mongol basybalyjylygyndan öňki Ürgençden aman galan az sanly ýadygärlikleriň biridir. Il-Arslanyň aramgähi bilen bilelikde olar Horezm hökümdar nesliniň gonamçylgydyr. 1200-nji ýylda dünýäden öten Horezm şasy Tekeş üçin gurlan aramgäh özüniň ölçegi we timarlanyş baýlygy bilen şa neslinden bolan adamlaryň guburynyň üstüne gurulýan binalara bildirilýän ähli talaplara laýykdyr. Binanyň beýikligi 30 metre barabardyr, emma, a...

DOWAMY
pic
7 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Ilk...

DOWAMY