TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WELOSIPEDLI GEZELENJI AMALA AŞYRDY HEM-DE AHALTEKE BEDEWLERI BILEN DIDARLAŞDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy. Halkyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugrudyr. Milli Liderimiz sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesini jemgyýetde giňden ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň biri hökmünde yglan edip, be...
WATANYMYZYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMY MYNASYBETLI ÇAGALAR AÝDYM-SAZ BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRYNA GATNAŞYJYLARYŇ KONSERTI
Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň ýaş artistlere iberen Gutlagy zehinli çagalaryň bäsleşiginiň açylyş dabarasyna aýratyn watançylyk ruhuny çaýdy. Gutlagy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow okady. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BOÝUNÇA DIALOGY IŞJEŇ GOLDAÝAR
2021-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda sebitiň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Goňşy ýurtdaky ýagdaýlar bolsa onuň esasy temasy boldy. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi. Şeýle-de duşuşyga Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri gatnaşdylar. Onlaýn görnüşinde geçen gepleşikleriň barşynda Owgan...
KETENINIŇ ÝÜPEK ÄLEMGOŞARY
Şu ýyl Türkmenistanda 2100 tonna – uzak geçmişi we däp-dessury bolan içerki oba hojalyk senagatynyň öňdebaryjy pudaklaryndan biri üçin gymmatly çig mal – pile öndürildi. Türkmenler gadym döwürlerden bäri ýüpekçilik bilen meşgullanypdyrlar, ýüpekden geýim tikipdirler, olary ýüpek bilen nagyşlapdyrlar. Tebigy ýüpekden tikilen gyşda yssy, tomusda salkyn saklaýan lybaslara ýokary baha berlipdir. Ýüpek ýüplükler aýratyn nepis, ajaýyp önümleri öndürmekde halyçylykda-da ulanylypdyr. Ýüpek gadymy haly n...
10-NJY SENTÝABRDA VI HAZAR MEDIAFORUMY GEÇER
Şu ýylyň 10-njy sentýabrynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) VI Hazar mediaforumy geçer. Geçen bäş ýylyň dowamynda Hazar mediaforumy möhüm maglumat, diplomatik we ykdysady meseleleri çözmek üçin halkara meýdança öwrüldi. Ol tejribe alyşmak, sebit we halkara žurnalistikasynyň täze ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Hazar sebiti ýurtlary üçin bir bitewi maglumat meýdanyny döretmek üçin özboluşly meýdançadyr. Bu ýyl forumyň mowzugy syýahatçylyk we etnik medeni aragatnaşyklar...
ULY BALKANYŇ ÖSÜMLIK DÜNÝÄSI
Uly Balkan dar ýaýrawly gadymy ösümlikleriň pena tapan dag gerşidir. Bu ýerde çygy söýýän ösümlikleri, uzak ýaşan äpet agaçlary görmek bolýar. Diňe endemik ösümlikleriň, ýagny diňe Uly Balkanlarda ösýän ösümlikleriň ýigrimä golaý görnüşi bar. Ol diýen uly bolmadyk dagyň üstünde paporotnigi, iňňe pürlüleri we ýowşany görmek bolýar. Bu ýerde ösümlikleriň dermanlyk, iýmit we bezeg toparlarynyň wekilleri duşýar. Köp sanly ekspedisiýanyň netijesinde olaryň ösýän ýerleri, ýaýrawy, gor mümkinçiligi öwr...
AWAZADA GEÇIRILEN MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA KABUL EDILEN RESMINAMALAR BMG-NIŇ BA-NYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu çäre bilen birlikde ýokarda agzalan Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogy hem geçirildi. Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijelerini nazarda tutup, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul edildi. Zenanlaryň dialogynyň netijeleri boýunça Me...