TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE GFR-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministri Haýko Maas bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Ministr raýatlarynyň Owganystandan guramaçylykly çykarylmagy maksady bilen, howa gämileriniň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin german hökümetiniň adyndan Türkmistana çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Şunlukda, Türkmenistan tarapyndan öz howa giňişliginiň ulan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi. Milli Liderimiz mejlisiň barşynda häzir dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, 2022-nji ý...
«MENIŇ WATANYM» MILLI BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI BELLI BOLDY
12-nji senrýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda «Meniň Watanym» atly çeper-publisitik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalynyň jemi jemlendi. Emin agzalary Garaşsyzlygyň 30 ýylynda ýurduň gazananlaryny görkezýän filmlerden has gowularyny saýladylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan 13 işden 8-si ugurlarda ýeňiş gazandylar. Kinofestiwalyň baş baýragyna režisýor Rahymberdi Annagulyýewiň «Nesillere galsyn diýip» atly gysgametražly kinolentasy mynasyp boldy. Bu filmde kinooperator...
TÜRKMEN — AMERIKAN HYZMATDAŞLYGYNA 20 ÝYL
13-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we «Medeni mirasy gorap saklamak boýunça ilçi gaznasynyň» 20 ýyllygyna bagyşlanan internetüsti türkmen-amerikan halkara maslahaty bolup geçdi. Bu gaýybana maslahaty Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hyzmatdaşlygynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy gurady. Maslahatyň işine Amerika tarapdan AFSP komitetiniň, Kongress kitaphanasynyň, San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň, Bütindünýä miras gaznasynyň, Bütindünýä ýad...
TÜRKMEN TALYPLARY AŇ-PAÝHAS BÄSLEŞIGINE GATNAŞDYLAR
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmensitandaky wekilýeti türkmen talyplary üçin onlaýn-bäsleşik gurady. Intellektual bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Mili dünýä dilleri institutynyň talyplar toparlary gatnaşdylar. Oňa gatnaşanlaryň bilimine hatarynda Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Naýthart Hýofer-Wissing, Fransiýa Respub...
«TÜRKMENPOÇTA» «ÇAPAR» GOŞUNDYDAN PEÝDALANMAGY TEKLIP EDÝÄR
?Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy kompaniýasy köpugurly «ÇAPAR» ykjam goşundy işläp taýýarlady, onuň kömegi bilen uzak aralykdan käbir hyzmatlary töläp, şeýle hem çapar çagyryp bolýar. «ÇAPAR» goşundysy Google play-den we App Store-den ýükläp almak üçin elýeterlidir. «Tölegler» bölüminde müşderi ÝGG-nyň jerimelerini, «AŞTU»-dan we «Türkmentelekom»-dan öý internetine, IP-TV, şäher telefonyna töleg geçirip we «Altyn asyr» ykjam operatoryň balansyny dolduryp biler. «ÇAPAR» goşundysy wagty bil...
ŽENEWADA OWGANYSTANDAKY YNSANPERWERLIK MESELELERI BOÝUNÇA MINISTRLER DEREJESINDE MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgaml...