TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TEBIGAT GORAG ASTYNDA
3 – 11-nji sentýabr aralygynda Marselde Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB/IUCN) nobatdaky Bütindünýä kongresi geçirildi. Kongrese alymlar, raýat jemgyýetiniň wekilleri, syýasatçylar we dürli korporasiýalaryň hem-de halkara konwensiýalarynyň, şol sanda suwly-batgalyk ýerler boýunça Ramsar konwensiýasynyň baştutanlary gatnaşdyalr. Şunuň bilen baglylykda biz Merkezi Aziýanyň Ramsar sebit başlangyjynyň Utgaşdyryjy komitetiniň agzasy, professor E.A. Rustamowdan bu barada pikrini aýtmagy h...
“WITOL” WE “SOCAR” TÜRKMEN NEBITINI ÝURT DAŞYNA ÇYKARMAK BARADA ŞERTNAMA BAGLAŞDY
“Witol” halkara söwda şereketi we Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki “SOCAR” şereketi Baku ‒ Tbilisi ‒ Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly ýylda 1 million tonna türkmen nebitini daşamak barada ylalaşdy. Ylalaşygyň durmuşa geçirilip başlanmagy şu ýylyň oktýabr aýynyň başyna meýilleşdirilýär. Türkmenistandan satyn alynýan nebit ozal Nowosibirskä çenli Russiýa Federasiýasynyň derýadyr deňiz portlarynyň üsti bilen tankerler, ondan aňryk bolsa nebit geçirijisi arkaly daşalýardy. Indi Şweýsar-Golla...
«BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ WE YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYK» ATLY REZOLYUSIÝASY KABUL EDILDI
2021-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň teklibi bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly kararnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 102-nji plenar mejlisinde BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan bir agyzdan kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmegiň çäklerinde, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu guramanyň döwlet Baştutanlarynyň...
GAPLAŇGYR ÜMMÜLMEZ DÜZLÜKDÄKI GORAGHANADYR
Daşoguz welaýatynyň demirgazyk-günbatar böleginde, Üstýurt we Sarygamyş geografik sebitlerinde, Turan çölleriniň günorta we demirgazyk astzolaklarynyň gowşudynda Gaplaňgyr goraghanasy ýerleşýär. Ägirt uly çöketlik – Garaşor duz batgalygy saýasynda diňe günbatarda goraghananyň tebigy araçäkleri aýdyň ýüze çykýar. Üstýurduň çäklerinde mundan gyradeň, mundan tekiz we Üstýurt baradaky “ümmülmez düzlük” düşünjesine has laýyk gelýän ýeri tapmak kyndyr. Goraghananyň düýbi 1979-njy ýylda tutuldy. Teb...
TÜRKMENISTANYŇ IJÖ-NIŇ ÖSÜŞI 2021-NJI ÝYLYŇ 8 AÝYNDA 6 GÖTERIMDEN GEÇDI
Türkmenistanyň IJÖ-niň ösüşi 2021-nji ýylyň 8 aýynda 6,2 göterim boldy. Türkmenistanyň hökümetiniň mejlisinde hasabat döwründe ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine garaldy. Mejlisde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önüm öndürilişiniň 5,5 göterim, bölek söwda dolanşygynyň 17 göterim, daşary söwda dolanşygynyň möçberiniň – 9,6 göterim artandygy bellenildi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,5 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Aýlyk haklary, pensiýalar,...
SURATLARDA WATAN WASPY
Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde açylan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sergide goýlan suratlarda türkmen nakgaşlarynyň Watana söýgisi beýan edilýär. Natalýa Kaluginanyň serginiň merkezinde goýlan «Nowruz» atly işinde howasy tämizden tereň, erigiň näzik gülleriniň ysynyň bark urýan döwri -- pasyllaryň ajaby şekillendiripdir. Natalýa Pawlowna «Magtym agzam (il oňa Magtym mäzem diýipdir) kümmetine barýan ýol» atly beýleki bir suratynda Garrygala daglarynyň arasynda ýitip...
KHBS BOÝUNÇA 23-NJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-10-njy sentýabrynda Daşkent şäherinde onlaýn hem-de göni gatnaşyk görnüşinde ÝHHG-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça 23-nji maslahaty geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň temasy «Merkezi Aziýada KHBS-leriň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy» boldy. Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan hökümete, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, raýat jemgyýetine hem-de ylmy b...