SOŇKY HABARLAR
BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BELARUS-TÜRKMEN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ÖSÜŞI BARADA GÜRRÜŇ BERDI
Aşgabatda Berlarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Respublikan referendumyna taýýarlyk görlüşine bagyşlanan brifing geçirdi. Belarus Respublikasynyň Doly ygtyýarly wekili öz çykyşynda belarus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda taraplar diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bel...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler....
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň çäklerinde gazanylan taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Öz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlyg...
TÜRKMEN-GAZAGYSTAN HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI
Şu gün, 12-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň...
TÜRKMENISTAN HALKARA GATNAŞYKLAR BOÝUNÇA «DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» TÄZE PELSEPÄNI IŞJEŇ DURMUŞA GEÇIRER
Türkmenistan halkara gatnaşyklar boýunça «Dialog — parahatçylygyň kepili» täze pelsepäni işjeň durmuşa geçirer. Bu barada hormatly Prezidentimiz, Türkmensitanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklar boýunça işläp düzen täze pelsepämizi işjeň durmuşa geçirer. Bu pelsepe anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljeg...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar....
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ NOBATDAN DAŞARY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär. Mejlisd...