TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynda «Hazar deňziniň daşky gurşawyny goramak boýunça hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilen maslahata Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle-de ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri gatnaşdylar. Mundan başga-da çärä Hazarýaka ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň ýo...
MÄLIKGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÖMRI — MERDANALYGYŇ NUSGALYK MEKDEBI
Şu gün paýtagtymyzdaky ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde «Merdanalyk mekdebi» ady bilen dabaraly çäre geçirildi. Ol içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlandy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we i...
ÝAŞLARY ÄHLUMUMUY HEREKETLERE ÇEKMEK
Daşkentde «Ýaşlary ählumumuy hereketlere çekmek» atly ýaşlaryň hukugy boýunça Bütindünýä maslahaty işläp başlady. Oňa ýurtlaryň we halkara guramalarynyň 30-syndan 500-den gowrak wekil gatnaşýar. GDA-ny mundan beýlägem ösdürmegiň 2020-nji ýylda täzelenen Konsepsiýasynda ýaş raýatlary döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüş üçin taslamalara we maksatnamalara çekmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, ýaşlar jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini ýaşlar syýasatyny alyp barýan döw...
BÖTENDAGYŇ GOWAKLARYNYŇ AÇYLMADYK SYRLARY
Zehinli mugallym we barlagçy Igor Çernyş 20 ýyl töweregi Türkmenistanyň demirgazygynda gowakly ilatly ýerleri öwrendi. Onuň ýobaşçylygyndaky topar bassyr birnäçe ýyl Sarygamyş oýundaky barmasy kyn gowak şäherlerde barlag geçirip, olaryň bäşisini ýüze çykardy, gowaklaryň 200-den gowragy we 600-e golaý girelgeler öwrenildi, olaryň topografik çyzgylary düzüldi. Topar Sarygamyş gowaklarynyň käbirinde elementleri we umumy çyzuwy boýunça skandinawlaryňka hem-de Sibirde we Orta Aziýada ýaşan türkle...
TÜRKMEN ÇAGALAR WE ÝAŞLAR DÖREDIJILIK TOPARLARY “SERHETSIZ DÖREDIJILIK” ATLY HALKARA FESTIWAL-BÄSLEŞIGINE GATNAŞMAGA TAÝÝAR
GDA agza ýurtlaryň 2021 – 2022-nji ýyllar üçin ynsanperwer hyzmatdaşlygy ugrundaky ileri tutulýan çäreleriň sanawyna, şeýle hem Belarus Respublikasynyň Bilim ministrliginiň 2021-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 20-nji iýulyndan 10-njy noýabry aralygynda “Serhetsiz döredijilik” atly Çaga döredijiliginiň açyk festiwaly, festiwalyň çäginde bolsa “Serhetsiz döredijilik” atly VII Halkara bäsleşigi geçiriler. Bäsleşigi geçirmegiň maksady çagalar we ýaşlar üçin döredijilikli...
TÜRKMEN ÝAŞLARYNYŇ HALKARA GATNAŞYKLARY BARHA GIŇEÝÄR
BMG-niň Ýaşlar strategiýasynda nygtalyşy ýaly, “Ýaşlar maýa goýulmaga mynasyp gymmatly we örän möhüm gordur, çünki bu maýa goýumy özüni birnäçe gezek ödär”. Bu nukdaýnazar Türkmenistanda doly makullanýar. Bu ýagdaý şu ýylyň başynda tassyklanan 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty pudagy boýunça Döwlet maksatnamasynda we ony durmuşa geçirmek meýilnamasynda öz beýanyny tapýar. Işlenip düzülmegine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň gatnaşan bu m...
ÝAŞLARA MAÝA GOÝMAK BAGTLY GELJEGE MAÝA GOÝMAKDYR
12-nji awgustda bellenýän Halkara ýaşlar gününiň bosagasynda Türkmenistanda “Parahatçylyk, ynanyşmak, ýaşlar – ýetginjekleriň we ýaşlaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek ýolunda” atly onlaýn seminar tamamlandy. Ýurdumyzyň çar künjeginden 150-den gowrak ýaş ýigitdir gyzlaryň gatnaşan bu çäresiniň guramaçysy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy (UNFPA) boldy. Onlaýn seminar parahatçylyk, ynanyşmak we howpsuzlyk meselelerinde...