TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
“GÜNDOGAR ŞÖHLESI” HJ-NIŇ TÄZE ÖNÜMI
Ýurdumyzyň mekdep bazarlaryna topukçaly syýagalamlaryň täze görnüşleri satuwa çykaryldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti gündelik ýazuw işleri üçin niýetlenen durmuş esbaplarynyň köpçülikleýin önümçiligini özleşdirdi. Bu topukçaly syýagalamlaryň geň tarapy olaryň içinde syýadanyň ýoklugydyr. Bu ýazuw esbaby ýasalanda, syýa gönüden-göni onuň göwdesiniň içine guýulýar-da, gapak dakyl...
TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA YNSANPERWER KÖMEGI IBERILER
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkiýe Respublikasynda ýangyn sebäpli ejir çekenlere lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy. Şeýle hem Daşary işler ministr...
USSAT NAKGAŞLARYŇ SERGISI
Şekillendiriş sungaty müzeýinde deň-duş nakgaşlaryň ikisiniň – Jumadurdy Bekdurdyýewiň we Robert Hakimowyň işleriniň sergisi açyldy. Olaryň ikisi hem 1941-nji ýylda doglan. Bu zehinli nakgaşlaryň döredijiligine uly üns berilýär. Olaryň ikisem Türkmen döwlet çeperçilik üçilişesinde şol bir mugallymdan tälim aldylar. Olar öz döwrüniň, olary belli bir çäkde saklan sosrealizm ugrunyň güýçli wekilleridir. Sergi Jumadurdy Bekdurdyýewiň awtoportretinden başlanýar. Tomaşaçylara onuň türkm...
EKSPORT ARTÝAR, IŞ ÝERLERI DÖREDILÝÄR
Şu ýyl ýurduň telekeçileri tarapyndan döredilen täze ýyladyşhanalarda dört ýüz iş orny döredildi. Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriljek täze jaýlaryň meýdany 35 gektar artdy. Innowasion tehnologiýalar bu meýdanlarda ýylda 11 müň tonnadan gowrak gök önüm ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Telekeçiler tarapyndan ýurduň ähli welaýatlarynda gurlan alty sany häzirki zaman ýyladyşhana hojalygy öňden işläp gelýänleriň hataryna goşuldy. Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplaryndaky...
“AHAL” AFK-2021 KUBOGY UGRUNDAKY ÝARYŞYŇ ZOLAKLAÝYN FINALYNA TAÝÝARLYGYNY TAMAMLAÝAR
“Ahalyň” futbolçylary AFK-2021 kubogy ugrundaky ýaryşyň 25-nji awgustda Özbegistanyň “Nasaf” topary bilen Karşy şäherinde garşydaşyň meýdançasynda geçiriljek zolaklaýyn tamamlaýjy tapgyryna taýýarlygyň çäginde Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysy bilen (23 ýaşa çenli) iki synag oýnuny geçirdi. “Ýaşlar topary” bilen geçirilen ilkinji duşuşykda “Türkmennebitönümleri” Baş müdirliginiň topary 3 : 1 hasaby bilen ýeňiş gazandy, ikinjisinde bolsa 2 : 2 hasaby bilen deňme-deň oýnady. “Ahal” şu ýy...
«MENIŇ WATANYM» MILLI KINOFESTIWALY IŞLERI KABUL EDÝÄR
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi «Meniň Watanym» atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalyny geçirýändigini yglan edýär. Oňa gatnşamaga – kinorežisýorlar, dramaturglar, operatorlar, öz zehinini görkezmek isleýän kinosenagatynyň işgärleri we muşdaklary çagyrylýar. Onuň guramaçylary oňa gatnaşýanlaryň öňünde gysga metražly filmde ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň bermegi baş wezipe edip go...
BÜZMEÝIN ETRABYNDA ÝÜZLERÇE MAŞGALA JAÝ TOÝUNY TOÝLAR
Şu ýyl Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda kärhanada taýýarlanan gurluşyk panellerinden gurlan 22 sany dört gatly ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berler. Birnäçe ýüz maşgala gowulandyrylan gurluşly we giň meýdanly 2-3 otagly amatly öýlere göçüp barar. “Demirbetonönümleri” önümçilik birleşigi Senagat köçesindäki ýaşaýyş toplumyny gurmagyň birinji tapgyrynda eýýäm 32 otagly ýigrimi sany ýaşaýyş jaýyny gurdy. Iki sany jaý köp çagaly maşgalalar üçin ulanylyşa berildi. Büzmeýiniň bu köçesinde ýene 13 sany dört gatly...