RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Sen

4-NJI OKTÝABRDA MERKEZI AZIÝA ON BIRINJI HALKARA SÖWDA FORUMY BAŞLANÝAR

4-nji oktýabrda her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa on birinji halkara söwda forumy öz işine başlar. Şu ýyl çäre «Pandemiýadan soň sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek arkaly dikeldiş» ady bilen geçiriler. Duşuşygy onlaýn düzgünde USAID Agentligi guraýar. Bäş iş gününe niýetlenen forumda mejlisleriň onusy we iki tegelek stol geçirilip, ol 8-nji oktýabrda tamamlanar. Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna bagyşlanan duşuşygy ABŞ-nyň Gazagystandaky Ilçihanasynyň ý...

DOWAMY
pic
28 Sen

«BITARAPLYK» TÜRKMEN TOPARY ÇEBOKSARYDA GEÇIRILEN TALYPLAR WOLEÝBOL ÝARYŞYNDA ÝEŇIŞ GAZANDY

Çuwaşiýa döwlet uniwersitetinde okaýan türkmen talyplaryndan düzülen «Bitaraplyk» topary Çeboksaryda geçirilen woleýbol boýunça halkara ýaryşda ýeňiş gazandy. Ýaryşa Hindistandan, Iordaniýadan, Yrakdan, Müsürden, Gyrgyzystandan, Siriýadan, Täjigistandan, Özbegistandan we Türkmenistandan talyplar gatnaşdylar. Deslapky bäsleşikleriň jemi boýunça ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyryna Türkmenistandan, Hindistandan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan talyplar toparlary çykdylar. Çekeşeikli geçen bäsleşi...

DOWAMY
pic
28 Sen

GDA-NYŇ MINSKDÄKI ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINDE TÜRKMENISTANYŇ BAŞ BAÝRAMY MYNASYBETLI SERGI AÇYLDY

Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA-nyň Minskdäki Ýerine ýetiriji komitetinde sergi açyldy. Ol Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Belarus Respublikasynyň Prezident kitaphanasynyň kömegi bilen taýýarlandy, – diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär. Sergä halkymyzyň özboluşly medeniýeti, baý taryhy, özboluşly tebigaty we binagärlik ýadygärlikleri barada gürrüň berýän kitaplar, albomlar, suratlar girizil...

DOWAMY
pic
28 Sen

EYR-YŇ WE MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ SARAHSYŇ ÜSTI BILEN AMALA AŞYRÝAN SÖWDA DOLANYŞYGY ARTDY

Horasan demir ýolunyň baş müdiri Mostafa Nasiri şu ýylyň birinji ýarymynda Sarahsdaky demirýol serhet geçelgesi arkaly Merkezi Aziýa ýurtlaryna 600 müň tonna eksport ýüküniň iberilendigini, olaryň 9500-den gowragynyň ýük wagonlary bilen geçirilendigini aýtdy. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdür. Resmi şahsyň sözlerine görä, «Bu eksportyň 92%-i 550 müň tonna haryt eksport edýän Horasan-Razawi welaýatynyň paýyna düşýär». «36% görkezijili sement Sarahs demi...

DOWAMY
pic
28 Sen

BITARAP WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYGYNYŇ WE ABADANÇYLYGYNYŇ GORAGÇYLARYNA SYLAGLAR GOWŞURYLDY

Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby gullukçylara hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dabara türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirildi. Watan azatlygy üçin janlaryny gurba...

DOWAMY
pic
28 Sen

DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ IŞINE ÝOKARY BAHA BERILDI

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý meda...

DOWAMY
pic
28 Sen

W. ÝEROŞENKO: «ÝAŞADY, SYÝAHAT ETDI, ÝAZDY»

Tanymal ýazyjy Wasiliý Ýeroşenko gubur daşyna şeýle sözleri ýazmagy wesýet edipdir. Onuň soňky sargydyny ýazyjynyň ildeşi Staryý oskolly nakgaş-heýkeltaraş W. Kolesnikow ýerine ýetiripdir. Ýeroşenko ajaýyp we dünýälik Adam diýýärdiler. Ol ömrüne ýigrimiden gowrak ýurda aýlanyp çykdy. Ol nirä barsa-da — işleýärdi, ýerli ilata kömek edip, haýyrly iş edip, ýagşy at gazanýardy. Wasiliý Ýeroşenko geçen asyryň başynda esperanto dilindäki okuw kitabyny Braýl şrifti bilen täzeden ýazdy, bu bolsa b...

DOWAMY