TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
“C5+1” FORMATYŇ ÇÄKLERINDE MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ WE ABŞ -NYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde “C5+1” formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendalyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleri bi...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi. Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtag...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna dahylly meselelere garaldy. Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibine geçip, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitde gowaça ideg...
GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MINISTRLER MASLAHATYNYŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY BEÝAN EDILDI
2021-nji ýylyň 13-14-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly Goşulyşmazlyk Hereketiniň ortamöhletleýin ministrler maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Agzalan wekilçilikli maslahat Goşulyşmazlyk Hereketiniň umumy maksatlaryny ilerletmek ugrunda çykyş edýän dünýäniň onlarça ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Mejlisiň açylyşynda gatnaşyjylar Azerbaýjan Respublikasynyň Prez...
TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOYUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGY MUNDAN BEÝLÄK-DE ÖSDÜRILMEGI UGRUNDA AMALY ÇÄRELERIŇ MEÝILNAMASY BOÝUNÇA ONLAÝN SYN-BERIŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boyunça Müdirliginiň arasynda 2019-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda Amaly çäreleriň Meýilnamasy boýunça («Ýol kartasy») syn beriş duşuşygy göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boyunça Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekili Aşita Mittal, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boyunça Müdirli...
MILLI LIDERIMIZ BALKAN WELAÝATYNDA TÄZE DESGALARYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK WE AÇYLYŞ DABARALARYNA GATNAŞDY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Milli Liderimiz Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçarda ulag düzüminiň geljekki desgasynyň guruljak ýerine geldi. “Ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly geçipdir....
TÜRKMENISTAN WE HHR STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Türkmenistanyň we Hytaýyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şonuň ýaly-da ikitaraplaýyn gün tertibine hem-de sebit we halkara...