TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
GENDER DEŇLIGI MESELESI – TÜRKMENISTANDA GEÇIRILÝÄN HALKARA TEGELEK STOLUŇ ÜNS MERKEZINDE
Aşgabatda Türkmenistanyň jyns taýdan deňlik we adam hukuklary boýunça milli hereket meýilnamalaryny we halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryny ara alyp maslahatlaşma çäresi başlandy. “AA”-yň habarçysyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezinde aýdyşlaryna görä, 2021-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Türkmenistanda maşgala zorlugynyň öňüni almak we jenaýat jogapkärçiligine çekmek barada iki günlük onlaýn çekişme açyldy. Bu çäre “Türkmenistanyň maşgaladaky zorlugyň öňüni almak we jena...
ÝARYM ASYRDAN SOŇ: «MAGTYMGULY» FILMINDE MEŇLINIŇ KEŞBINI DÖREDEN ZENAN BARADA
2008-nji ýylda paýtagtymyzda «Nejmeddin Kubra we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi» atly Halkara maslahat geçirildi. Oňa türkmen alymlary bilen birlikde tutuş dünýäden türkmen medeniýetiniň gözbaşyny öwrenýän alymlar gatnaşdylar. Pakistandan foruma gatnaşan Ahtar Jamal türkmen halkynyň medeni mirasy hakda gürrüň edende 1969-njy ýylda režisýor Alty Garlyýewiň «Magtymguly» filminiň özüne güýçli täsir edenligini belledi. Onuň baş gahrymanlarynyň keşbini döreden Hommat Müllügiň hem-de Güljan Döwletmyra...
PEÝDASY ZYÝADA KÜNJI
Türkmenistanyň demirgazygynda köp ýetişdirilýän ekinleriň biri-de künjüdir. Geçen ýyl ol 350 gektar meýdana ekildi. Babadaýhanlar onuň her gektaryndan azyndan 10 sentner hasyl amagy göz öňünde tutýarlar. Bu ýag alynýan ekin gysga döwürde ýetişýär, ony güýzlük galladan we beýleki käbir ekinlerden soň ekin dolanşygynda ulanylýar. Künji ýyly howany halaýar, dökün berilse has gowy ösýär. Ol antioksidantlara, aminokislotalara, beloklara we witaminlere baýdyr, käbir maddalary hat-da zeýtun ýagynyňkyda...
TÜRKMENISTANLY TALYP «ЕВРАЗИЯ GLOBAL» VI HALKARA ÝAŞLAR FORUMYNYŇ GRANTYNA MYNASYP BOLDY
Düşenbe güni Orenburgda «Евразия Global» VI Halkara ýaşlar forumynyň ýapylyş dabarasynda Russiýanyň Ýaşlaryň işi boýunça federal agentliginiň ýaşlar taslamalarynyň Bütinrussiýa bäsleşiginiň we A.M. Gorçakow adyndaky açyk diplomatiýany goldamak Gaznasynyň grant bäsleşiginiň jemi jemlendi. Foruma jemi 78 teklip geldi, taslamalaryň 34-si bilen bäsleşigiň bilermenleri göni tanyşdyryldy. -Taslamalar açyk goralanda foruma gatnaşan Russiýanyň sebitleriniň 12-siniň wekillerinden 15-si jemi 10 mill...
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNYŇ ÖŇ ÝANYNDA ÄNEW ŞÄHERINDE TÄZE ÝAŞAÝYŞ JAÝLARY ULANMAGA BERILDI
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda Änew şäherinde Ahal welaýatynyň Döwlet arassaçylyk gullugynyň tabşyrygy boýunça gurlan ýokary amatlykly dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanmaga berildi. Dabara Ahal welaýatynyň we Ak bugdaý etrabynyň häkimlikleriniň wekilleri, şäheriň ýaşaýjylary, gurluşykçylar gatnaşdylar. Çykyş edenler paýtagtymyzda ulanmaga berilýän her bir öýüň Prezidentimiziň halk, adamlaryň abadançylygy barada aladasynyň subutnamasydygyny bellediler. B...
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ AKÝOL BEHIŞDI BEDEWI BILEN AK ÝOLLARA UZAÝAN TOÝLARA ROWANA BOLDY
Behişdi bedewler okgunly ösýän Garaşsyz Watanymyzyň özboluşly nyşanydyr. Munuň özi ahalteke bedewleriniň dünýä atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmek hem-de olaryň başarnyklaryny doly açmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başarypdyrlar, ondan güýç-kuwwat hem ruhubelentlik alypdyrlar. Olar halkymyzyň gündel...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI ÝURDUŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY BILEN GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ähli täjik halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady hem-de durmuş ugurlarynda gazanan üstünlikleriniň guwandyryjydygyny, şu döwrü...