TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - MAZARI ŞERIP
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY S.G.BERDIMUHAMEDOWYŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI A.U.MAMIN BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
Şu gün, 20-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik edarasynyň Başlygy S.G.Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.U.Mamin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi, onuň barşynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine seredilip geçildi. Şunlukda, Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri tarapyndan hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça iki ýurduň arasyndaky özara hereketle...
AŞGABATDATÜRKMENISTANDA ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda şu ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň (Mejlisiň we Halk maslahatynyň) ýolbaşçylary we agzalary, ýurduň syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň...
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW BAÝRAMÇYLYK ÇÄRELERINE GATNAŞDY
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdak meýdançasynda Döwlet baýdagyna gül goýmak dabarasy boldy. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda hem-de eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna we Aşgabadyň 140 ýyllygyna beslenen ýylda bellenilýän baýramçylyklar giň gerimi bilen tapawutlanýar. Türkmen halky milli Lideriniň parasatly we öňdengörüj...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçysyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de şu ýakymly pursatdan peýdalanyp, oňa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň ýolbaşçylygynda bu gün Gazagystan Respublikasy...
ASTRAHANDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ÝADYGÄRLIGINE GÜL GOÝULDY
Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsullygy Astrahan döwlet uniwersitetiniň (ADU) goldamagynda beýik akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şäheriň gözel ýerleriniň birinde gurlan ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurady. Çärä Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji A. G. Aýdin, AGU-nyň prorektory A.W.Titow, “Priwolžýe raýony” munisipial bilim edarasynyň başlygynyň orunbasary N.S.Malyşew, Astrahanyň türkmen mede...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ENERGETIKA WE SENAGAT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy. Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady...
PREZIDENTLER GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE RUSTAM MINNIHANOW HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ GELJEKKI UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikler geçirildi. Tatarystanyň Baştutany “Oguz han” köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde ony döwlet Baştutanymyz mähirli garşylady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birek bilen mähirli salamlaşdylar. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanlary ýadygärlik surata...